Kazan şäherindäki Türkmenistanly talyplar Garaşsyzlyk gününi bellediler


Kazan şäherindäki Türkmenistanly talyplar Garaşsyzlyk gününi bellediler



A.N.Tupolew adyndaky Kazanyň milli barlag tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmenistanly talyp ýaşlaryň 1200-e golaýy bilim alýar.

Ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralan baýramçylyk çäresine bilim we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew we bu şäherde ýaşaýan türkmenler çagyryldy.

Çäräniň barşynda baş konsul ýokary okuw mekdebiniň rektory Timur Alibaýew bilen duşuşdy. Onda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we geljegi uly beýleki ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň rektory çykyş edip, Türkmenistanyň we Tatarystanyň özara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada durup geçdi. Tatarystandaky birnäçe iri senagat kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigi hem bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, türkmenistanly talyp ýaşlar Russiýa Federasiýasynyň iň gadymy we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hataryna degişli bolan uniwersitetde bilim alýarlar.

Türkmenistanyň baş konsuly öz gezeginde ýygnananlary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we mähirli kabul edilendigi hem-de türkmenistanly talyp ýaşlar bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we halkymyzyň taryhy, medeniýeti we şu güni barada gürrüň berýän wideoşekil görkezildi.

Çäre türkmenistanly talyp ýaşlaryň köpöwüşginli çykyşlary bilen dowam etdi. Olar türkmeniň milli tansy - küştdepdini uly joşgun we ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda okuwda, sportda we beýleki ugurlarda üstünlikleri gazanan türkmenistanly talyp ýaşlara diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.