Türkmen wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasyna gatnaşýar
7-nji noýabrda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň esasy dolandyryjy düzüminiň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasynyň resmi açylyşy boldy. Bu foruma Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.
Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň ýolbaşçysy Gözel Magtymgulyýewa hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Parahat Agaýew bar.
Şu gün geçirilen maslahatyň umumy mejlisinde eden çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Atageldi Şamyradow Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen soňky ýyllarda has giňeldilýän hyzmatdaşlygynyň netijeliligini, onuň köptaraply häsiýete eýe bolýandygyny belledi. Medeniýet, ylym we bilim, ekologiýa we ýaşlar syýasaty ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler dogrusynda durup geçmek bilen, medeniýet ministri, gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekdi.
Şeýle-de geljek ýylda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegine hem-de onuň ÝUNESKO-nyň ýubileý seneleriniň hatarynda mynasyp orun almagy bilen başlangyja aýratyn ähmiýet berildi.
ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule hem-de foruma gatnaşýan wekiliýetler 2024-nji ýylda belleniljek Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara çagyryldy.
Baş maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ÝUNESKO-nyň degişli hünärmenleri bilen duşuşyklary geçirilýär. Şeýle-de ÝUNESKO-nyň Medeniýet boýunça baş müdiriniň orunbasary Ernesto Renato Ottone Ramirez, şeýle-de ÝUNESKO-nyň birnäçe maksatnamalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda medeni mirasy gorap saklamak, dikeltmek hem-de bu ugurda bilelikdäki çäreleri guramakda hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝUNESKO-nyň Baş maslahaty öz işini 27-nji noýabra çenli dowam etdirer.