Duşenbe şäherinde «Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady


Duşenbe şäherinde «Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady

24-nji oktýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde «Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, festiwalda türkmen talyplary «Baky rowaýat» spektaklyny görkezdiler. Bu spektakl türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen alabaýy» ýaly kitaplary esasynda goýuldy.

Türkmen talyplarynyň sahna oýny festiwala gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Duşenbe şäherinde geçirilýän halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly ýurduň Hökümetiniň goldawy bilen Täjigistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilýär. Onuň maksady – gurjak teatr sungaty ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmekden, gurjak teatryny ösdürmekden we dikeltmekden, ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.

Türkmen talyplary üçin bu halkara festiwalda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Eýrandan gelen teatr kärdeşleriniň arasynda çykyş etmek diňe bir uly jogapkärçilik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sahna tejribelerini ösdürmek üçin möhüm ädim boldy.

«Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly 29-njy oktýabra çenli dowam eder.