Niderlandlaryň medeniýeti


Niderlandlaryň medeniýeti



Niderlandlarda Erazm Rotterdamskiý we Benedikt Spinoza ýaly uly alymlar ýaşapdyr we şol ýerde Rene Dekartyň esasy işleri ýerine ýetirilipdir. Alym Hristian Gýuýgens Saturynyň hemrasy bolan Titany açdy we maýatnikli sagady oýlap tapdy. Niderlandlar bilen köplenç ýel degirmenleri, çigildem gülleri, agaçdan ýasalan aýak gaplar we Delfta şäherindäki palçykdan ýasalan gaplar baglanyşyklydyr.

Erazm Rotterdamskiý



Benedikt Spinoza



Rene Dekart



Hristian Gýuýgens



Niderlandlarda köp tanymal suratkeşler hem işläpdirler. XVII asyrda bärde Rembrandt wan Reýn, Ýan Wermeýer, Ýan Sten we başgalar ýaly beýik ussatlar hem ýaşap geçipdirler.

XIX we XX asyrlarda suratkeşler Winsent Wan Gog we Pit Mondrian meşhurlyk gazandylar. Grafiki suratkeş Maurits Kornelis Eşer optiki illýuziýanyň ussady hökmünde tanalýar. Willem de Kuning Roterdamda bilim alyp, soňra Amerikanyň meşhur suratkeşi bolýar. XX asyryň ortalarynda «Jadyly realizm» mekdebi ýüze çykýar. Onuň uly wekilleri Karel Willink we Peýke Koh suratkeşlerdir.

Niderlandlaryň «Altyn asyry» hem edebiýatyň ösmegine sebäp boldy hem-de Ýost wan den Wondel we Piter Kornelis Hooft onuň esasy ýazyjylary bolupdyrlar. XX asyryň esasy ýazyjylary Harri Muliş, Ýan Wolkers, Simon Westdýaýk, Gerard Rewe, Willem Frederik Hermans we Seýs Noteboom bolupdyr. Anna Frank adybelli «Anna Frankyň Gündeligini» ýazdy. Bu kitaby aradan çykanyndan soň çap edilip dünýäniň başga dillerine terjime edildi.

Anna Frankyň Gündeligini