Leýli Garýagdyýewa VIII halkara sungat bäsleşiginiň üçünji derejeli garmoniýa diplomyna mynasyp boldy


Leýli Garýagdyýewa VIII halkara sungat bäsleşiginiň üçünji derejeli garmoniýa diplomyna mynasyp boldy



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Leýli Garýagdyýewa VIII halkara sungat bäsleşiginiň üçünji derejeli garmoniýa diplomyna mynasyp bolmagy başardy.

Leýli Garýagdyýewa VIII gezek geçirilýän sungat bäsleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Ol bäsleşige Sergeý Rahmaninowyň «Etýud suraty» atly saz eserini hödürledi. Bäsleşige gatnaşyjylary bäsleşige hödürlän işleri şu ýylyň 1-nji sentýabryndan 15-nji noýabry aralygynda kabul edildi. 4-nji dekabrda bolsa bäsleşigiň jemi jemlendi. Ýeňijileriň atlary bolsa 14-nji dekabrda sanly ulgam arkaly bäsleşigi guraýjylaryň internet sahypalarynda yglan edildi.

VIII sungat bäsleşigine 17 müňe golaý çaga gatnaşyp, Leýli bu bäsleşige gatnaşyjy hökmünde 1640-njy çaga bolup hasaba alyndy. Leýli Garýagdyýewany bäsleşige taýýarlan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Bagtygül Seýitgulyýewa halkara bäsleşigi guraýjylaryň Minnetdarlyk haty bilen sylaglandy. Bagtygül mugallymyň halypalyk etmegi bilen Leýli jigimiz alty ýaşyndan bäri fortepiano saz guralyny çalmagyň inçe syrlaryny öwrenip gelýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Leýli Garýagdyýewa Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterbug şäherinde şu ýylyň 1 — 25-nji oktýabry aralygynda geçirilen çagalar sazçylyk mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen IX bütinrus ýerine ýetirijilik «Sazçylyk ýaryşy» atly bäsleşige gatnaşyp, baýrakly üçünji orna mynasyp bolandygy barada biz ozal habar beripdik.