TÜRKMEN-KOREÝ MEDENIÝET WE SUNGAT USSATLARYNYŇ BILELIKDÄKI KONSERTI BOLDY


TÜRKMEN-KOREÝ MEDENIÝET WE SUNGAT USSATLARYNYŇ BILELIKDÄKI KONSERTI BOLDY



29-njy martda Koreýanyň Söwda-senagat palatasynyň «Grand hall» halkara konferensiýalar zalynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen-koreý medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.

Konsertiň dowamynda folklor tanslary, Türkmenistanyň halk, at gazanan, tanymal artistleriniň çykyşlary aýdym-saz agşamynyň aýratyn bezegi boldy. Olar türkmen milli we beýleki saz gurallarynda halk, häzirki zaman ajaýyp mukamlary ýerine ýetirdiler. Halk aýdym-sazlary, dünýä we türkmen nusgawy saz sungatynyň hazynasyndan eserler, estrada aýdymlary, joşgunly tans çykyşlary gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Aýratyn-da, ýerine ýetirilen dostluk aýdymlary toý şatlygyny goşalandyrdy.

Konsertde Atajan Berdiýew, Läle Begnazarowa, Leýli Ökdirowa, Züleýha Kakaýewa, Döwran Şammyýew, Suhanberdi Orazberdiýew, «Miras» folklor toparynyň, «Kamerata Aşgabat» toparynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň artistleri Park Jungwok we Li Eunkýang çykyş edip, tomaşaçylarynyň aýratyn alkyşlaryna mynasyp boldular.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet günleri Koreýa Respublikasynyň Seul hem-de Uiýjongbu şäherlerinde 31-nji marta çenli dowam eder.

«SalamNews».