«TRT» türk telekompaniýasy Arkadag şäherinde geçirilen halkara kinofestiwalyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi


«TRT» türk telekompaniýasy Arkadag şäherinde geçirilen halkara kinofestiwalyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi

«TRT» türk telekompaniýasy özüniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Arkadag şäherinde geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň Hormat haty bilen sylaglanmagy mynasybetli festiwalyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

«Biz «TRT-niň» döredijilik topary bolup, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini we gözelliklerini gündelik habarlarymyzyň üsti bilen, bütin dünýä ýetirýändigimiz üçin buýsanýarys we begenýäris. Geljekde hem türkmen telewideniýesi hem-de «Oguzhan» adyndaky Türkmenfilm birleşigi bilen hyzmatdaşlygymyz dowam eder diýip ynam bildirýäris.

Festiwalyň çäginde «Aşgabat» kinoteatrynda «TRT-niň» Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan taýýarlanylan «Merw — Beýik Seljuk döwletiniň paýtagty» we «Köneürgenç» atly gysga metražly filmlerimizi tomaşaçylara hödürledik. Bu filmleriň üsti bilen, ýurduň medeniýetini we taryhyny görkezmäge çalyşdyk. Mundan beýläk-de filmleri surata düşürmek we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň dowam etdiriljekdigine umyt edýäris» diýlip, türk telekompaniýasynyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Belläp geçsek, «TRT» Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji wekilhanasyny Türkmenistanda açdy. Has takygy, «TRT-niň »Türkmenistandaky wekilhanasy 1999-njy ýyldan bäri hereket edip gelýär.