Türkmen suratkeşleriniň Şuşa şäherine bagyşlap çeken suratlary ýörite katalogda çap ediler
Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň Azerbaýjanyň Şuşa şäherine bagyşlap çeken suratlary ýörite katalogda neşir ediler. TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde şu ýyl 23-nji gezek guralan we 10-20-nji sentýabr aralygynda dowam eden döredijilik syýahatyna türki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň suratkeşleri hem gatnaşdylar.
Azerbaýjanyň Şuşa şäherine guralan döredijilik saparyna ýurdumyzdan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Allaberdi Öwezdurdyýew wekilçilik etdiler. Olaryň Şuşa şäherine bagyşlap döreden eserlerinde medeniýet şäheriniň tebigaty, taryhy binagärlik ýadygärlikleri beýan edilýär.
Suratkeşleriň döreden eserleri TÜRKSOÝ-yň dördilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärede hem görkeziler.