TÜRKMEN WEKILIÝETI «ÝÜPEK ÝOLUNYŇ MERJENI» XV DAŞKENT KINOFESTIWALYNA GATNAŞÝAR


TÜRKMEN WEKILIÝETI «ÝÜPEK ÝOLUNYŇ MERJENI» XV DAŞKENT KINOFESTIWALYNA GATNAŞÝAR



Häzirki günlerde Özbegistan Respublikasynda «Ýüpek ýolunyň merjeni» XV Daşkent kinofestiwaly dowam edýär.

Ýakynda Daşkent Halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Kino baýramçylygynyň gyzyl haly düşelen ýodajygyndan özbek we dünýä kinosynyň tanymal ýyldyzlary ýöräp geçdi.

Olar 52 ýurtdan gelen 300-e golaý aktýorlardyr aktrisalar, prodýuserler hem-de režissýorlar, kino sungatyny öwrenijiler we kino tankytçylarydyr. Myhmanlaryň arasynda meşhur türkmen režissýorlary hem bar.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň döredijilik işleri boýunça orunbasary, kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň Özbegistan Respublikasynda geçirilýän «Ýüpek ýolunyň merjeni» XV Daşkent kinofestiwalynda çeper film ugry boýunça eminlik edýändigini aýratyn bellemek gerek.

Daşkent halkara film festiwaly 1968-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň gatnaşmagynda her ýylda geçirildi. 2021-nji ýylda bolsa, şol däbi dowam etdirmek maksady bilen «Ýüpek ýolunyň merjeni» ady bilen gaýtadan ýola goýuldy. Festiwalyň ýeňijilerine şahadatnama, heýkel we pul baýragy gowşurylar.