Türkmen wekiliýeti «Gorkut ata» türki dünýäsiniň III kinofestiwalyna gatnaşar


Türkmen wekiliýeti «Gorkut ata» türki dünýäsiniň III kinofestiwalyna gatnaşar



2023-nji ýylyň 8–11-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek «Gorkut ata» türki dünýäsiniň III kinofestiwalyna kinomatografiýaçylardan, artistlerden we teležurnalistlerden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, festiwalda çeper filmleriň görkezilişinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň režissýory Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» filmi görkeziler. Bäsleşikden daşary bolsa ýakynda «Ýüpek ýolunyň merjeni» at bilen geçirilen XV Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşan kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» filmi görkeziler. Bu filmiň režissýory kinofestiwalda ýörite baýraga mynasyp bolup, oňa heýkeljik we pul baýragy gowşuryldy. Daşkentde geçirilen kinofestiwalda Sahysalyh Baýramow çeper filmler boýunça emin agzalarynyň hataryna girdi. Biz bu barada web saýtymyzda hem habar beripdik.

Azerbaýjanda geçiriljek «Gorkut ata» türki dünýäniň kinofestiwalynda hem türkmen kinorežissýory festiwala hödürlenen kinolara öz bahasyny berer. «Dokumental kino» ugry boýunça hem Türkmenistandan ýene bir wekil emin agzalarynyň toparyna çagyryldy. Dokumental filmleriň hatarynda Pälwan Geldiýewiň Bekdurdy Amansaryýewiň edebi ýazgysy esasynda surata düşüren «Günüň we suwuň perzentleri» atly dokumental filmi görkeziler. Bäsleşikden daşary kinofestiwalyň çäginde režissýor Röwşen Welmiýewiň animasion-multfilmi hem kinofestiwala gatnaşyjylara hödürlener.

Azerbaýjanda geçiriljek «Gorkut ata» türki dünýäniň kinofestiwalyna 100-den gowrak türki halklaryň kinomatografiýaçylary bolan daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

«Nyzamy» kino merkezinde geçiriljek festiwalda 40 töweregi çeper, dokumental we animasion filmler görkeziler.

Belläp geçsek, «Gorkut ata» türki dünýäsiniň kinofestiwaly ilkinji gezek 2021-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirildi.