ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler


ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.

Toparyň düzüminde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň, muzeý we kitaphananyň işgärleri, drama teatrlaryň artistleri, aýdymçylar we «Dokmaçylar», «Aşgabat», «Ahal öwüşginleri» tans, folklor we etnografik toparlary bar.

Medeni çäräniň dowamynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň konsertleri geçiriler. Bu çärede amerikan tomaşaçylaryna türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we däp-dessurlary görkeziler, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň sergileri guralar, lybaslar we halylar, neşir önümleri görkeziler, türkmen-amerikan medeni duşuşyklary geçiriler.

Albukerke şäherinde ýerleşýän Nýu-Meksiko uniwersitetinde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçiriler. Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň häzirki zaman türkmen dili we taryhy bölüminiň müdiri Ogulnabat Goçowa Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde alnyp barylýan ylmy gözlegler, halkara derejesindäki baýramçylyga görülýän uly taýýarlyklar barada gürrüň eder.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçysy Gülşirin Annamyradowa Magtymgulynyň sözlerine aýdymlary ýerine ýetirer we artistler onuň goşgularyny okarlar.

Şunuň ýaly medeni çäräniň on ýyl mundan ozal, Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyny mynasybetli Albukerke şäherinde geçirilendigini bellemelidiris.