Türkiýeli aktýor Burak Özçiwit Türkmenistana geldi
Şu gün Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy bolar. Halkara kinofestiwala gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň meşhur kino hünärmenleri, kino aktýorlary we kino bilermenleri paýtagtymyz Aşgabada geldiler.
Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, halkara festiwala gatnaşmak üçin ýurdumyzda gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda meşhur türk aktýory Burak Özçiwit hem bar. Burak Özçiwit hem-de Türkiýäniň kino hünärmenleri paýtagtymyz Aşgabada geldiler.
Häzirki wagtda «Gurluş: Osman» teleserialynda çykyş edýän Burak Özçiwit hem-de bu serialy surata düşürýän kinorežissýor Mehmet Bozdag we ýanyndaky wekiliýet Aşgabadyň halkara howa menzilinde garşylandy.
Mundan başga-da, halkara kinofestiwalyň maksatnamasynda Burak Özçiwidiň baş keşbi ýerine ýetiren «Gurluş: Osman» atly taryhy teleserialyň tanyşdyrylyşy bolar. Bu teleserialyň dürli möwsümleri surata düşürilende ýurdumyzyň wekilleri – garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýjysy Gözel Röwşenowa dagy hem keşpleri janlandyrandyklaryny bellemek gerek.