Maryda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi


Maryda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi



Şu gün Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri bilen birlikde Eýran Yslam Respublikasyndan gelen sungat, döredijilik işgärleri hem gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismaýyl Orazow dagy çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlyklaryň, şol sanda medeniýet ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky alnyp barylýan işleriň has-da üstünliklere beslenýändigi, şu günki sergide bolsa halklaryň milli gymmatlyklarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga özboluşly ýardam berýändigini buýsanç bilen nygtadylar.

Iki gün dowam etjek sergide Eýrandan gelen amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň taýýarlan döredijilik işleri ýaýbaňlandyrylypdyr. Dürli ugurlarda taýýarlanan döredijilik, şeýle-de el işlerinde ýurduň özüne mahsus bolan däp-dessurlar, tebigat gözellikleri öz beýanyny tapýar. Serginiň dowamynda dabara gatnaşýan myhmanlar Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň taýýarlan sungat eserleri, şeýle-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň Mary welaýatyndaky agzalary taýýarlan sungat eserleri bilen tanyşdylar.

Dabaranyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasyndan gelen mozaika sungatynyň ussatlary Fariborz Motamedi we Amirhossein Pourjabbari Khamene dagy dabara gatnaşýan myhmanlar üçin mozaika boýunça ussatlyk sapaklaryny geçdiler.

Owunjak, özem dürli reňkli daş hem-de aýna bölejiklerinden düzülip ýasalýan şekillere mozaika diýilýär. Mozaikanyň leksik manysy «muza» sözündendir. Ýagny grek mifologiýasynda «muza» sungata we ylma hemaýat edýän hudaýyň adydyr. Mozaika üçin gerek bolan daşlar ýörite peçlerde bişirilip, owunjak bölejiklere bölünýär. Bu daş bölejiklerine bolsa «smalta» diýilýär.

Şu gün sagat 18:00-da Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa iki ýurduň aýdym-saz toparlarynyň konserti geçiriler. Konsert maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik toparlary bilen birlikde Eýran Yslam Respublikasyndan gelen «Zendegiýe Aýiniýe Mazändäran» saz we tans topary hem çykyş ederler.