Türkmenistanly kinoçylar Halkara Hazar kino forumyna gatnaşmaga çagyrylýar


Türkmenistanly kinoçylar Halkara Hazar kino forumyna gatnaşmaga çagyrylýar



Moskwa kinoişewürligi — Russiýa Federasiýasynyň Kinoçylar bileleşigi 2023-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda onlaýn görnüşde geçiriljek Halkara Hazar kino forumyna hasaba alnyşygyň başlandygyny habar berýär.

Nobatdaky çäre Russiýadan başga-da, Hazar sebitine girýän ýurtlar — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň 100-e golaý kinematograflaryny birleşdirer.

Hazarýaka ýurtlarynyň bilim maksatnamalarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde kino pudagynda işine ussat hünärmenleri taýýarlamak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem gatnaşyjylar bilen tejribe alyşmak meselelerine serediler.

Kino forumynyň soňky gününde Hazarýaka ýurtlaryň kino taslamalarynyň pitçingi geçiriler. Oňa gatnaşmak isleýänleriň ýüz tutmalary 2023-nji ýylyň 11-nji oktýabryna çenli kabul ediler. Maglumat üçin belläp geçsek, pitçing — bu taslamany maliýeleşdirmek isleýän maýadarlary tapmak üçin film taslamasynyň dilden ýa-da wizual görkezilmegidir.

Belläp geçsek, bäsleşige gatnaşyjylar sebitde durmuşa geçirmek mümkinçiligi bolan ýa-da ýurduň taryhyna degişli temalary barada gürrüň berýän eserleri hödürläp bilerler.