Ýaş suratkeş ýeňijilerimiz


Ýaş suratkeş ýeňijilerimiz



Mälim bolşy ýaly TÜRKSOÝ halkara guramasy 2023-nji ýylyň mart aýynda Türki döwletleriň ýaş suratkeşleriň arasynda onlaýn bäsleşigini yglan etdi.

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilýän TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň ýaş suratkeşleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglanmak dabarasy geçirildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizden:

Birinji oruna – Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy – Orazmämmedowa Ogulsenem;

Ikinji Oruna – Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň uçurymy – Ahmedowa Durbike;

Üçünji oruna – Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň uçurymy – Toýmyradowa Mähri eýe boldylar.