Mukamlar köşgünde bilelikdäki Türkmen-amerikan konserti geçirildi


Mukamlar köşgünde bilelikdäki Türkmen-amerikan konserti geçirildi



15-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konsertde Brodweýiň sazlary Aşgabadyň aýdym-saz muşdaklaryny gurşap aldy. Bilelikdäki Türkmen-amerikan konsertinde «Chicago», «Phantom of the Opera» we «Annie» ýaly nusgawy saz eserleri ýerine ýetirildi.

Amerikan sungat işgärleri Keýt Bass we Äron Ýaň, Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň solistleri, şeýle-de Mary we Lebap welaýat ýaşlar horlary sahnada bilelikde çykyş etdiler. Mundan öň bilelikdäki çykyşlar Mary we Türkmenabat şäherlerinde köpsanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Konsert amerikan we türkmen sungat işgärleriniň arasynda iki hepdelik alyş-çalyş maksatnamasynyň jemleýji nokady boldy. ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde gurnalan bu maksatnama iki ýurduň arasynda köp ýyllyk işjeň medeni hyzmatdaşlygy dowam etdirýär.

Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tomaşaçylara dürli aýdym-saz, teatr, şekillendiriş we beýleki sungatlardan lezzet almaga mümkinçilik berdi. Amerikan we türkmen sungat işgärleri bolsa özara alyş-çalyş arkaly hünärlerini baýlaşdyrdylar.