Halkara syýahatçylyk forumy


Halkara syýahatçylyk forumy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamasy esasynda Türkmenistan häzirki zaman syýahatçylyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berip, halklaryň arasynda parahatçylyk, dostluk köprülerini gurýar.

Halkara syýahatçylyk gününiň öňüsyrasynda, 2023-nji ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Duşanbe şäherinde syýahatçylyk administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň – GDA agza ýurtlaryň, akademiki we işewür toparlaryň, syýahatçylyk pudagyndaky hünärmenleriň, şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «GDA agza ýurtlaryň syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry» atly halkara syýahatçylyk forumy geçirilýär.

Forum we sergi Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň ýanyndaky Syýahatçylygy ösdürmek komiteti tarapyndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde gurnalýar. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi we «Bagtyýar Dostlar» syýahatçylyk kärhanasy gatnaşýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 90-dan gowrak syýahatçylyk kärhanasy işleýär. Bu kärhanalar daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şol sanda Täjigistanyň syýahatçylyk kärhanalary bilen ýakyndan işleşýär. Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen syýahatçylyk pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlyga mynasyp goşant goşar.

Forumyň çäginde üç, ýagny, «GDA giňişliginde bilelikdäki syýahatçylyk önümlerini döretmek», «GDA giňişliginde syýahatçylyk hyzmatlaryny sanlaşdyrmak» we «GDA giňişliginde syýahatçylyk toparlarynyň ösüşi» atly sessiýalary geçirmek meýilleşdirilýär. Umuman aýdanyňda, çäräniň gün tertibi syýahatçylyk pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öz içine alýar. Şeýle hem, çäräniň çäginde Duşanbe –2023 sergisi gurnalýar.

Forumyň esasy maksady: syýahatçylyk pudagynyň häzirki tendensiýalaryny, durnukly ösüşini üpjün etmek üçin zerur şertleri ara alyp maslahatlaşmakdan, syýahatçylygyň özgerişliklerini göz öňünde tutup, syýahatçylygy dikeltmek we ösdürmek boýunça täze pikirleri ösdürmäge gönükdirmekden, pudak we bu ugurdaky maksatlary we wezipeleri has üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki strategiýalary işläp düzmekden ybarat.

Bu forum syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin täze başlangyçlary ösdürer hem-de GDA-nyň syýahatçylyk bölümleriniň arasynda tejribe alyşmaga we syýahatçylyk pudagynda dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döreder.

Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygy bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, esasan, dürli medeniýetleriň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleri giňeltmäge kömek etjek giriş we çykyş syýahat akymlarynyň mukdaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bilşiňiz ýaly, häzirki wagtda halkara syýahatçylygy ýokary ösüş depginlerini görkezýär. BMG –niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň habaryna görä, 2030-njy ýyla çenli 1.8 milliard adamyň meşhur şäherlere, şypahanalara, medeni we taryhy ýadygärliklere syýahat etmegine garaşylýar.

Gülşat BAKYÝEWA