Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň maksatnamasy bilen tanyş boluň!
«Änew — türki dünýäniň medeni paýtagty — 2024» ýylynyň çäginde Türkmenistanda türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň, alymlarynyň, žurnalistleriniň we syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň gatnaşmagynda birnäçe forumlary, festiwallary we konferensiýalary geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu uly çäreleriň maksady medeniýet we sungat pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekden, şeýle hem gadymy Änew şäheriniň baý taryhyny we medeni mirasyny wagyz etmekden ybaratdyr.
«Änew — türki dünýäniň medeni paýtagty — 2024» ýylynyň açylyş dabarasy geljek ýylyň 22-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçiriler. Şeýle-de ol ýerde türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konserti, suratkeşleriniň, fotosuratçylaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň sergisi guralar.
Aprel aýynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň žurnalistleri we fotosuratçylary üçin Türkmenistanyň gözel ýerlerine metbugat syýahatyny guramak meýilleşdirilýär. Maý aýynyň ahyrynda bolsa TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri üçin ýurduň taryhy we medeni gözel ýerlerine syýahat guralar.
Awgust aýynda türki döwletleriň arheologlarynyň we binagärlik sungatynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Änewiň gadymy medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle-de, bu maksatnamada TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Halkara ýaşlar forumyny geçirmek hem göz öňünde tutýar. Oktýabr aýynda geçirilmegine garaşylýan bu çäräniň esasy maksady türki dünýäniň ýaş alymlarynyň we sungat işgärleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybarat bolar.
Oktýabr aýynda Türkmenistanda türki halklaryň halk döredijiligine we amaly-haşam sungatyna bagyşlanan halkara festiwaly, maslahat we sergi, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II halkara teatr festiwaly geçiriler.
Noýabr aýynda «Gorkut Ata» halkara film festiwaly, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýip yglan etmeklige bagyşlanan jemleýji çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik Geňeşiniň mejlisi we türk dilli döwletleriň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti bar.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň dowamynda türki halklaryň taryhy we medeni mirasy barada kino we dokumental filmler hepdeligini guramak meýilleşdirilýär.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda TÜRKSOÝ-daky hyzmatdaşlary bilen bilelikde Änewiň taryhyna bagyşlanan ýörite žurnal çap ediler. Şeýle hem tomaşaçylary gadymy şäheriň medeniýeti bilen tanyşdyrjak we 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň milli teleýaýlymlarynda ýaýlyma beriljek wideoşekili taýýarlamak ýaly meýilnamalar bar.