Kerim Gurbannepesow
(1929-1988))
Türkmen halkynyň söýüp okaýan ussat şahyrlarynyň biri Kerim Gurbannepesowdyr. Halkyň hemmä düşnükli ýönekeý dilinde çeper eserleri döreden Kerim şahyr 1929-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgyn obasynda dünýä inýär.
Kerim Gurbannepesow obalaryndaky ýediýyllyk mekdebinde okaýar, çagalygyndan çeper sözüň yşkyna düşýär.
Kerim Gurbannepesow heniz okuwçyka diňe türkmen awtorlarynyň däl, eýsem, şol döwürde türkmençä geçirilen dünýä edebiýatyndan Puşkiniň, Nekrasowyň eserleri bilen bilelikde «Tom Soýeriň başdan geçirenleri», «Dombi hem ogul» ýaly kitaplaryň ençemesini okaýar. Kakasynyň aýdyp bermeginde 1939-njy ýylyň tomsunda Magtymgulynyň tutuş goşgular ýygyndysyny eli bilen göçürip almagy oňa aýratyn täsir edýär.
Şeýlelikde, Kerim Gurbannepesowyň çagalar hem mekdep okuwçylary üçin dürli ýyllarda «Ýalta we bagt», «Maşgala we mekdep», «Atalar we çagalar», «Ös, saçym, ös», «Ýaz şemaly» ýaly ululy-kiçili şahyrana kitaplary peýda bolýar.
Şahyryň 1957-nji ýylda «Goşgular we poemalar» ady bilen neşir edilen ýygyndysy türkmen edebiýatyna uly zehiniň gelip goşulandygyny äşgär edýär. Şahyr bulardan başga-da «Ata we ogul», «Ajy günler, süýji günler», «Kyrk», «Gumdan tapylan ýürek», «Aýal bagşy», «Parahatlyk ilçisi», «Ynsan bilen ynsap» kimin elden düşürilmän okalýan kitaplary talapkär okyjylara hödürleýär.
Kerim Gurbannepesowyň goşgularynyň köpüsine ýurdumyzyň meşhur kompozitorlary, bagşy-sazandalary saz ýazdy. Olar halk aýdymyna öwrüldi.
Şahyr Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary, Magtymguly adyndaky döwlet baýragyny bermek baradaky komitetiniň başlygy wezipelerinde işledi. Ol heniz 38 ýaşyndaka «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ada eýe boldy. Soňra ol eserleri üçin, Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldy.
Kerim Gurbannepesow sözüň doly manysynda «Şahyr» diýen juda jogapkärli hem hatyraly sözüň hakyky eýesi bolup ýaşan hem döreden bagtly şahyrdyr.