Gözel Şagulyýewa


Gözel Şagulyýewa



Gözel Şagulyýewa 1940-njy ýylyň 11-nji awgustynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Miras» daýhan birleşiginde dünýä inýär. 1957-nji ýylda Sakarçäge etrabynyň 1-nji orta mekdebini tamamlaýar. 1973-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky ýokary mugallymçylyk institutynyň taryh we dil-edebiýat bölümini tamamlaýar. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň mugallymy, Mary welaýatynyň «Maru-şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy, bölüm müdiri bolup işleýär.

G.Şagulyýewa 1982-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri bolup işläp gelýär. Halypa şahyr Bolgariýa, Rumyniýa, Eýran Yslam Respublikasy, Hindistan, Päkistan Yslam Respublikasy, Owganystan Yslam Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, ABŞ, Türkiýe Respublikasy, Ýaponiýa, Italiýa, Täjigistan Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy ýaly dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilen halkara çärelerine gatnaşýar.

G.Şagulyýewa 1989-njy ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolýar. Şahyr G.Şagulyýewa 1996-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 1999-njy ýylda «Gaýrat» medaly, 2000-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2001-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2003-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», 2008-nji ýylda «III derejeli Altyn asyr» ordeni, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» ýubileý medaly, 2013-nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly, 2015-nji ýylda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada we «Altyn aý» medalyna mynasyp boldy.

Halypa şahyr Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisidir. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň Zenany» atly bäsleşiginiň ýurt boýunça jemleýji tapgyrynda, «Döwrümiziň waspçysy» diýen ada mynasyp boldy. Şahyryň goşgularyna birnäçe aýdymlar hem döredildi. Onuň «Elbukjam», «Uzaklarda nazarym», «Men Garagumly», «Я из Каракума», «Söýgi mukamy», «Dymmaň, daglar!», «Ak gülleriň – ak ýolum», «Dünýäň özem gözellige aşykdyr», «Göwün otyr Aý içinde» ýaly goşgularynyň ýygyndylary neşir edildi. Şeýle-de, onuň goşgulary rus, gyrgyz, gazak, belarus, gruzin, özbek, täjik we beýleki birnäçe dillere terjime edildi.