Aşyrmyrat Gurbanow


Aşyrmyrat Gurbanow



Aşyrmyrat Gurbanow 1959-njy ýylyň 13-nji awgustynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda eneden bolýar. 1976-1981-nji ýyllar aralygynda G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynda okaýar. Soňra A.Gurbanow 1986-njy ýylda Sankt-Peterburgyň (ozalky Leningradyň) teatr, saz we kinematografýa institutynyň teatr hem kino bölümini tamamlady. Ol şol ýyl ozalky Aman Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynda işläp başlady. Onuň bu teatryň sahnasynda ilkinji oýnan keşbi «Suwulgan» atly sahna oýnunda Hargulagyň keşbi boldy. Ol şol teatrda birnäçe spektakllarda ýatda galyjy keşpleri döredýär. Ol Wampilowyň «Uly oglum» atly oýnunda belli artist Hommat Müllük bilen ataly-ogul bolup oýnady. «Jan» teatry açylandan soň, «Däli Domrulda» Domrulyň ogly, «Sen söýseň meni-de» Bally mollanyň ogly ýaly keşpleri ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Ol türkmen radiosynda 1986-njy ýyldan bäri edebi-sazly gepleşiklerde alypbaryjy boldy. Ol edebi eserleri, rowaýatlary, gürrüňleri okap, radio diňleýjileriň göwnüni awlady.
Türkmen telewideniýesiniň «Watan» radioýaýlymynda «Edebi çemen» gepleşiginiň alypbaryjysy, «Altyn asyr:Türkmenistan», «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda «Degişmeler dünýäsi» atly gülküli, degişmeli sahnalarda wäşi artist hökmünde yzygiderli çykyş etdi. Dramaturg G.Daňatarowyň edebi esasyny ýazan sahnalary kem-kemden tomaşaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Ol «Siziň üçin körpeler» gepleşigini hem täsirli alyp barmakda giňden tanalýar. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Ýumajyk» atly çagalara niýetlenen žurnalda hem ilhalar keşpleri döretdi.
Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmeti, şeýle hem teatr sungatyny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin A.Gurbanow 1999-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp boldy.