Durdymämmet ORAÝEW (1938-2003 ý.ý.)
Durdymämmet Oraýew 1938-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa obasynda dünýä inýär.
Durdymämmet Oraýew Mary şäheriniň 6-njy orta mekdebini tamamlap, 1956-1961-nji ýyllar aralygynda Daşkentiň N.Ostrowskiý adyndaky teatr institutyny režissura hünäri boýunça okady. Ol talyp ýyllary diplom işi hökmünde Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda W.Rozowyň “Şatlyk gözleginde” pýesasyny sahnalaşdyrýar.
Ýokary okuw mekdebini gutaran soň, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda režissýor bolup işe başlaýar. Durdymämmet Oraýew bu teatrda K.Gossiniň “Iki hojaýynyň hyzmatkäri” atly pýesasyny sahnalaşdyrdy.
1966-njy ýyldan başlap Türkmenistanyň ýaş tomaşaçylar teatrynyň baş ýolbaşçysy we baş režissýory bolýar. 1971-nji ýyldan başlap Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy we baş režissýory bolýar. Şol döwürlerde ol teatryň sahnasynda A.Agabaýew bilen bilelikde “Leýli Mežnun” oýnuny, M.Karimiň “Aýgülüstan” oýnuny, B.Jakyýewiň “Atanyň takdyry” oýnuny, M.Baýjyýewiň “Ajal” oýnuny, O.Akmämmedowyň we A.Mämiliýewiň döreden pýesalary esasynda goýlan oýunlary sahnalaşdyrýar.
Soňra ol 1977-nji ýylda Türkmenistanyň ýaş tomaşaçylar teatrynyň baş režissýory bolup işleýär. Bu teatrda ol N.Gogolyň ”Öýlenmek”, K.Çapegiň “Ene”, W.Şekspiriň “Otello”, Şadriniň “Eli tüpeňli adam”, M.Baýjyýewiň “Duel” we “Taýçanak”, R.Tagoryň “Çanduwyň başdan geçirenleri”, A.Agabaýew bilen bilelikde döreden “Peýkam”, A.Çehowyň “Wanýa daýy” ýaly spektakllara režissýorlyk edýär.
1986-njy ýyldan Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda H.Melläýewiň “Hojanepes”, Şadriniň “Eli tüpeňli adam”, B.Jakyýewiň “Atanyň takdyry” ýaly spektakllary goýýar.
1997-2003-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Režissýorçylyk we teatry öwreniş kafedrasynyň ýerine ýetiriji professory bolup işledi.
Durdymämmet Oraýew kino sungatynda artist hökmünde O.Saparowyň surata düşüren “Gorkak Batyr”, K.Orazsähedowyň “Mirasdar” we beýleki kinofilimlerde keşpleri döretdi.
Ol dramaturgiýa sungatynda ýazyjy we terjimeçi hökmünde hem öz goşandyny goşdy. Ol Türkmenistanyň halk ýazyjysy A.Agabaýew bilen bilelikde “Leýli Mežnun”dessany esasynda adybir pýesany hem-de “Peýkam” atly sahna eserini ýazdy. Şeýle hem gyrgyz, azerbaýjan, gruzin, rus, tatar we özbek awtorlarynyň pýesalaryny türkmen diline terjime etdi.
Durdymämmet Oraýewiň teatr, dramaturgiýa, we kino sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutup, ol döwlet tarapyndan birnäçe sylaglar bilen sylaglandy. Oňa “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakyldy.