Aman Gulmämmedow
(1908-1977)
Aman Gulmämmedow 1908-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgyn-Käriz obasynda eneden doguldy.
A.Gulmämmedow 1920-nji ýylda Gökdepede açylan internat-mekdepde okaýar. Ol mekdebi gutarandan soň, Aşgabatdaky Gündogar sungat mekdebine nakgaşçylyk hünäri boýunça okuwa girýär we bu ýerde 1 ýyl okaýar. Soňra ol 1924-nji ýylda Aşgabatda açylan mehanizasiýa tehnikumyna okuwa girýär. A.Gulmämmedow bu okuw mekdebinde teatr gurnagynda goýulýan sahna oýunlarynda çykyş edýär. Iki ýylyň dowamynda mehanizasiýa tehnikumynyň teatr gurnagy halk köpçüliginiň ünsüni özüne çekip başlaýar. 1926-1929-njy ýyllaryň aralygynda türkmen teatr studiýasynda okaýar. Okuwyny tamamlan soň, 1929-njy ýylda Türkmen döwlet drama teatrynda (häzirki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry) işe başlaýar. Onuň döredijiliginiň ilkinji basgançagy teatrda goýlan Ahwerdowyň «Agaç kölegeleri» atly spektaklda gaharjaň garrynyň keşbi bolýar. Tomaşaçylar bu döreden keşbi üçin ýaş artiste uly baha berýärler. Soňra ol A.Durdyýewiň «Galyňsyzlar» atly sahna oýnunda galtamanlaryň ýolbaşçysynyň keşbini döredýär. 1930-njy ýyllarda teatryň sahnasynda goýlan Ş.Kekilowyň we H.Meläýewiň «Garagum çöllerinde diýen sahna oýnunda Töre baýyň, Jenanyň «Şahnama» sahna oýnunda Şahnamanyň, Karpowyň «Kel» atly sahna oýnunda Gurban çopanyň, Korneýçugyň «Eskadronyň heläk bolmagy» oýnunda Gaýdaýyň, Gogolyň «Derňewçi» oýnunda şäher häkiminiň keşbini ýerine ýetirýär. Meşhur artist B.Amanow bilen G.Burunowyň ýazan gahrymançylykly, taryhy dramasynda Keýmir körüň keşbini döretdi. Ol 1937-1939-njy ýyllarda Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky çeper akademiki drama teatrynda hem okaýar. Bu okuw kursunda ol režissýorçylyk, artistçilik işinde uly tejribe toplaýar.
Teatrda işlän döwründe A.Gulmämmedow dürli wezipelerde – teatryň çeper ýolbaşçysy hem-de teatryň direktory boldy. Teatrda artistlere baştutan bolup, ülkämize öwran-öwran aýlandy. Türkmen halkyna teatryň sahnasynda ilkinji taýýarlanylan sahna oýunlaryny görkezdi, adamlar bilen duşuşdy, olardan köp zat öwrendi, häsiýet döretmäge zerur bolan ýollary tapdy. Ol Beýik Watançylyk urşy döwründe frontda söweşýänlere konsert bermäge gitdi. Göroglydan, Magtymgulydan goşgular okady.
Aman Gulmämmedowyň türkmen kino sungatynda bitiren hyzmaty uludyr. «Dursun», «Çopan ogly», «Uzakdaky gelinlik», «Maşgala», «Gündogara tarap on ädim», «Prokuror» ýaly filmlerde surata düşen Aman Gulmämmedow ussatlygy bilen ýaşlara ýol görkezdi. Diňe bir teatr ýa-da kino däl, Aman Gulmämmedow dabaralary, şowhunlary geçirmäge hem içgin gatnaşdy. Köp pursatlarda olara režissýorlyk edip, ýaş artistlere sahnanyň syrlaryny öwretdi.
Aman Gulmämmedow teatra ýolbaşçylyk eden döwründe, ýurdumyzyň ýazyjylary, şahyrlary bilen ysnyşykda bolup, olary teatra çekdi. «Ykbal», «Ýanbermez Alžirli», «Gyz salgydy» we başga-da onlarça proza eserleriniň sahnalaşdyrylmagyna ýardam etdi. A.Gulmämmedow Türkmenistanyň teatr işgärleriniň birleşmesine hem ýolbaşçylyk etdi. Ol öz sungaty bilen milli artistlik ýoluny ykrar etdirdi.
A.Gulmämmedow «Molla Nasreddin Ependide» Nasreddin Ependiniň, «Lir şada» Liriň, «Magtymgulyda» Magtymgulynyň, «Aýgytly ädimde» Iwan Çernyşewyň, «Düşewüntli orunda» Ýusowyň, «Ykbalda» Myrat aganyň gaýtalanmajak keşplerini ussatlarça döretmegi başardy. W.Şekspiriň «Otello» oýnunda Otellonyň keşbi A.Gulmämmedowa uly üstünlik getirdi. Onuň döreden Otellosyna Moskwanyň teatr synçylary ýokary baha berdiler we örän ussat sahna ussady hökmünde ykrar etdiler. Onuň türkmen teatr sahnasynda döreden keşpleri 250-denem geçýär. Ol türkmen teatryna meşhurlyk getiren ilkinji artist, şeýle hem professional teatr sungatynyň düýbüni tutanlaryň biridir.
1934-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1949-njy ýylda A.Gulmämmedowa «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar. 1951-nji ýylda oňa G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» sahna oýnunda döreden keşbi üçin SSSR-iň Döwlet baýragy gowşurylýar. 1966-njy ýylda bolsa W.S.Iwanowyň «Bronopoýezd 14-69» sahna oýnundaky Werşininiň keşbini döredendigi üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi bolýar.