Tyllagözel Ýakubowa


Tyllagözel Ýakubowa



Tyllagözel Ýakubowa 1940-njy ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda eneden bolýar. 1963-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatral institutyny tamamlady. Ol özüniň zähmet we döredijilik ýoluna Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda başlady. Ol A.Mämiliýewiň we B.Suhanowyň bilelikde döreden «Ýedigen» atly sahna oýnunda Läläniň, «Çatrykda» atly sahna oýnunda Sähranyň keşbini janlandyrdy. Onuň bu döreden keşpleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Soňra T.Ýakubowa Korneýçugyň «Kemene jeňňelligi» oýnunda Ýewdokiýanyň, A.Abdyrahmanowyň «Şa gyzy» oýnunda Banu keniziň, A.Myradowyň «Muňa durmuş diýerler» oýnunda Döndiniň, T.Gurbanowyň «Öwrümli ýollar» oýnunda Aýsoltanyň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrmagy oňa uly üstünlik getirdi.

T.Ýakubowanyň teatr sungatynda özboluşly döredijiligi halk tarapyndan gyzgyn garşylanan XX asyryň 80-nji ýyllarynda onuň B.Jakiýewiň «Ertir täze ýyl» atly sahna oýnunda döreden Begsoltanyň keşbidir. Bu keşbi janlandyrany üçin 1982-nji ýylda T. Ýakubowa Aşgabatda geçirilen teatr festiwalynda «Iň oňat zenan keşbi» diýen ýörite baýraga mynasyp bolýar. Ýörite baýraga mynasyp bolmagy T.Ýakubowany täze döredijilik gözleglerine we sepgitlerine atardy. Şunlukda ol M.Gurbangylyjowyň «Kim sen?» atly oýnunda Aknabadyň, B.Öwezowyň «Ojagyň ody» atly oýnunda Totynyň keşbini ussatlarça ýerine ýetirdi.

Tyllagözel Ýakubowa dünýäniň nusgawy eserleri boýunça sahnalaşdyrylan oýunlarynda hem özüni synap gördi. Ol E.Filipponyň «Täze ýyl gijesinde» atly oýnunda Nenutçanayň, A.Ostrowsiniň «Haram pullar» oýnunda Lidiýanyň keşplerini döretdi. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahnasynda goýlan «Keýmir kör» oýnunda Ogulbossanyň, «Gelinleriň gozgalaňy» oýnunda uly gelniň keşplerini janlandyrdy.

1993-nji ýylda T.Ýakubowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2019-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy.