Suraý Myradowa
(1913-1996)
Suraý Myradowa 1913-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabat etrabynyň Herrikgala obasynda eneden doguldy.
Ilkinji türkmen zenan artisti bolup, Suraý Myradowa Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda 1929-njy ýyldan işläp başlaýar. Ol şol ýyldan başlap, teatrda dürli gylyk-häsiýetli, halk halar keşpleriniň ýüzden gowragyny döretdi. Olaryň her birini göwnejaý oýnamak üçin der döküp, ak ýürekden zähmet çekdi. Suraý Myradowanyň döreden keşplerinde türkmen sahnasynda belent mertebeli gelin-gyzlaryň ajaýyp keşbi ör-boýuna galýar. Ol ilkinji bolup türkmen sahnasynda doganlyk halklaryň gelin-gyzlarynyň keşbini çykaryp, bu ugurda täze ýoda açdy. Olaryň arasynda dünýä sungatynyň genji-hazynasyna öwrülen A.Ostrowskiniň, M.Gorkiniň, K.Trenýewiň we beýlekileriň gahrymanlary bilen bir hatarda öz azatlygy hem bagtly durmuşy üçin deň bolmadyk göreşe giren türkmen gelin-gyzlarynyň keşpleri-de bar. Beýik ispan dramaturgy Lope-de Weganyň «Laurensiýa» oýnunda Suraý Myradowanyň öz namysyny goramagy başarýan Laurensiýasy-da türkmen teatrynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Zehinli zenan artistiň yhlasy bilen türkmen sahnasynda ilkinji gezek dünýä inen K.Treniniň «Lýubow Ýarowaýa» oýnunda sada rus aýalynyň keşbini döredip, ol tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy. Suraý Myradowa öz döreden keşplerinde sada hem päk ýürekli türkmen zenanlarynyň keşplerini bütin gözelligi bilen şekillendirmegi başardy. Otuzynjy ýyllarda Suraý Myradowa teatr sungatyny halka düşündirmek, ýaşlary teatra çekmek ýaly möhüm işleri alyp bardy. Suraý Myradowa taryhy mowzuklardaky hem türkmen nusgawy türkmen edebiýatynyň wekillerine bagyşlanyp goýlan «Mollanepes», «Magtymguly» ýaly spektakllarda-da şowly keşpleri döretdi.
S.Myradowanyň «Derňewçide» Anna Andreýewna, «Platon Kreçetde» Lidiýa, «Laurensiýada» Laurensiýa, «Jumada» Ogulsona, «Lýubow Ýarowaýada» Lýubow Ýarowaýa, «Keýmir-Körde» Jemal, «Ykbalda» Orazsoltan, «Günäsiz günäkärlerde» Kruçinina, «Düşewüntli orunda» Wişnewskaýa, «Aýgytly ädimde» Nurjahan, «Bernarda Albanyň öýünde» Mariýa Hosefanyň keşpleri türkmen teatr sungatynyň altyn hazynasyna öwrüldi.
Artist kinofilmlerde-de ençeme ene keşpleri döretdi. Ol «Çopan ogly» filminde hirurg Gadamyň ejesi Jereniň päk ýürekli keşbini janlandyrdy. Artist şowly keşbi üçin 1957-nji ýylda Aziýa we Afrika ýurtlarynyň Daşkentde geçirilen kinofestiwalynda birinji derejeli diploma mynasyp boldy. «Maşgalanyň namysy» filmindäki ençeme zürýady ösdürip ýetişdiren Bike ejäniň keşbem öwgüli keşpleriň biri boldy. S.Myradowanyň kino sungatynda janlandyran «Prokurorda» Ogulbikesi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy we uly abraý gazandy. Türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutanlaryň biri, ajaýyp sahna ussady S.Myradowa teatrda uly jemgyýetçilik hem terbiýeçilik işini utgaşykly alyp bardy.
Söýgüli sahna ussady Suraý Myradowa ýurdumyzda teatr sungatynyň ösmeginde aýratyn hyzmatlary bitirdi. Onuň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmaty göz öňünde tutulyp, S.Myradowa 1949-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berilýär. Artist zenan A.Kekilowyň meşhur «Söýgi» spektaklynda Nurtäç ejäniň keşbini ýokary ussatlyk bilen janlandyrdy. Bu keşp üçin S.Myradowa 1961-nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy.