Ata Döwletow
(1912-1997)
Ata Döwletow 1912-nji ýylda Aşgabadyň Köşi obasynda eneden bolýar. Ol 1926-njy ýylda Köşi obasynda ýerleşýän orta mekdebi tamamlaýar. 1929-njy ýylda bolsa, onuň şol jadyly sungata bolan höwesi Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň studiýasyna alyp barýar. Ol täze açylan studiýanyň ilkinji talyplarynyň biri bolýar. Teatr studiýasyny tamamlanyndan soň, Ata Döwletow ilki başda gurjak oýny bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş edip başlaýar. Ol kärdeşleri bilen ýurdumyzyň etraplaryna aýlanyp, çykyş edýär.
Soňra ol 1936-njy ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna işe gelýär. Ata Döwletowa birbada teatryň sahnasynda kiçiräk keşpleri ýerine ýetirmeklik ynanylýar. Ol gysga wagtyň içinde drama teatrynyň sahnasynda türkmen we doganlyk halklarynyň eserleri boýunça sahnalaşdyrylan oýunlarda dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini döredip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar.
Ata Döwletow teatryň sahnasynda goýlan N.W.Gogolyň «Derňewçi» komediýasynda Luka Lukiçiň, Güseýin Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» atly dramasynda Altynyň, Bazar Amanowyň sahnalaşdyran «Kemine» spektaklynda Keminäniň, B.Kerbabaýewiň romany esasynda sahnada goýlan «Aýgytly ädim» spektaklynda Gandym aganyň, B.Amanow bilen Garaja Burunowyň «Keýmir kör» atly taryhy dramasynda Mürze Mähtiniň, G.Muhtarowyň «30-njy ýyllar» pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan spektakllarynda Uzyn bilen Keltäniň keşplerini juda ýatda galyjy döretmegi başarýar. Kemine, Luka Lukiç, Gandym aga ýaly keşpler bilen bir hatarda, artist A.Döwletow «Başlyk» oýnunda ýönekeý, şähdiaçyk, utanjaň Berdiniň keşbini hem ussatlyk bilen döretdi.
Ata Döwletow teatryň sahnasynda kyrk ýyldan gowrak döredijilikli zähmet çekýär. Ol kino sungatynda-da öz döredijiligi bilen tanalýar. Ol teatrda işleýärkä, 1956-njy ýylda «Aşyr aganyň hötjetligi» atly çeper filmde kiçiräk bir keşbi ýerine ýetirýär. 1974-nji ýylda Ata Döwletow režissýor S.Mollanyýazowyň döreden «Guýy ussasy» atly dokumental filmde surata düşýär. Şol kinodan soň, Ata Döwletowa ýurdumyzyň režissýorlary öz filmlerinde surata düşmegi teklip edýärler.
A.Döwletow kinorežissýor H.Kakabaýewiň «Laçyn», «Altynyň öwüşginleri», kinorežissýor hem-de artist B.Annanowyň «Kärizgenler», «Zöhre-Tahyr», Ý.Seýidowyň «Gadymy daglaryň rowaýaty», O.Saparowyň «Gorkak Batyr», «Kiçi adalardaky başdan geçirmeler», «Jennetiň bagy», «Perişdeler şatlyk paýla», «Keçjal», Ş.Annamyradowyň «Jan», şeýle hem «Garagum, kölegede 45 gradus», kinorežissýor S.Jallyýewiň «Çüýşedäki jyn» atly çeper filmlerde häsiýetine görä, biri-birine meňzemeýän keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Ata Döwletow döreden gahrymanlarynyň keşbinde özboluşly gylyk-häsiýetini, täsin içki dünýäsini açyp görkezmäge ussat artist hökmünde giň tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazanmagy başardy.
Ussat artist Ata Döwletow türkmen sungatynyň ösmegi üçin bitiren hyzmatlary we ençeme ýyllaryň dowamynda çeken önjeýli zähmeti göz öňünde tutulyp, 1958-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at, 1982-nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragy, 1990-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent dereje berilýär.