Oraznazar ARRYKOW (1942-2002)
ARRYKOW Oraznazar 1942-nji ýylyň maý aýynyň 6-synda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda eneden dogulýar.
1962-nji ýylda Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumyny drama we kino aktýory hünäri boýunça tamamlady. Ol Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda režissýoryň kömekçisi bolup, zähmet ýoluna başlady we bütin ömrüni bu teatra baglady. Ol teatra işe gelen wagty režissýor G.Burunowyň we B.Amanowyň “Keýmir kör” spektaklynda Aba serdaryň keşbini döredýär. Artist turuwbaşdan teatr sungatyna bütin düýrmegi bilen ýapyşdy. Halypa artistlerden bu käriň inçe tärlerini irmän-arman öwrendi. Onuň H.Derýaýewiň “Ykbal” oýnunda Berdiniň, A.Gowşudowyň “Juma” spektaklynda Kerwenbaşynyň, G.Muhtarowyň “Şeýtan zürýatlary” oýnunda Söýüniň, N.Gullaýewiň “Nesimi” spektaklynda Ýaşbukanyň, A.Agabaýewiň “Bir görlen tanyş” spektaklynda Arça Mededowyň, G.Figereýdonyň “Ezop” oýnunda Eflopyň, T.Jumageldiýewiň “Harmändäli” oýnunda Handan batyryň keşpleri türkmen teatrynda uçursyz zehinli, sungaty birkemsiz kämilleşdiren artistdigini subut etdi. O.Arrykowyň sahnada döreden keşpleriniň arasynda G.Kakabaýewiň sahna eseri esasynda T.Mämmetweliýewiň sahnalaşdyran “Gala” spektaklynda örboýuna galdyran Orazmämmet hanyň keşbini aýratyn bellemäge mynasypdyr. O.Arrykowyň Orazmämmet hanyň keşbine siňdiren zehin-ukyby, ussatlyk derejesi öz ajaýyp miwesini berdi. Türkmen teatr sungatynda paýhasly, giň gözýetimli, her bir işe akylly-başly çemeleşýän, il asudalygyny, abadançylygyny şirin janyna deňeýän, ynsan ganynyň nähak ýeke damjasynyň-da dökülmegine on iki süňňi bilen garşy durýan türkmen hanynyň ýokary derejede kämil keşbi peýda boldy.
Teatr artisti ARRYKOW Oraznazar Türkmenistanyň at gazanan artisti (1991ý), Türkmenistanyň halk artisti (1996ý), Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi (1996ý)-ýaly hormatly atlara, baýraklara mynasyp boldy.
O.Arrykow uzak ýyllaryň dowamynda sungata halal hem wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi.