Gandym Annadurdyýew
(1961-2021)
Gandym Annadurdyýew 1961-nji ýylyň 11-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde eneden bolýar. 1979-njy ýylda Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň studiýasyna okuwa girýär. Ol teatr studiýasynda okaýarka teatryň sahnasynda kiçiräk keşpleri döredýär. 1984-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral çeperçilik institutynyň drama we kino fakultetine okuwa girýär. Ol talypka «Gelinler» spektaklynda radionyň habarçysynyň keşbini janlandyrýar.
Gandym Annadurdyýew ýokary mekdebi tamamlandan soň, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda işe başlaýar. Ol bu teatryň sahnasynda dürli häsiýetdäki birnäçe keşpleri janlandyrýar. «Maýseräniň mekirligi» atly spektaklda Tahyryň keşbini döretdi. Soňra ol Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti bolup işleýär. Ol teatrda goýlan «Kemine» spektaklynda Gurbanyň, «Gala» spektaklynda Magtymguly hanyň, «Keremli kitap» oýunda Dawid dilmajyň, «Sallahlar» oýnunda Pälwanyň, «Günä ilkiden başlandyda» oýnunda Täşliýewiň, «Hindi rowaýaty» oýnunda Hüseýin weziriň, «Perişdeler gijesi» oýnunda Nätanyşyň, «Demir aýal» oýnunda Alimjanyň, «Gelinleriň gozgalaňy» oýnunda žurnalistiň, «Giýewleriň bäsleşigi» oýnunda Arslan hanyň, «Sakawyň soňuna seret» oýnunda Artygyň, «Syrly sandyk» oýnunda Galpak hannasyň, «Bakylyk binýady» oýnunda Çeltek Külçäniň, «Söýüň gara gözlerim» spektaklynda Nökeriň keşplerini janlandyrdy.
Gandym Annadurdyýew kino sungatynda birnäçe çeper filmlerde hem surata düşdi. Ol Ukrainanyň «Dowženko» kinostudiýasynyň önümi bolan «Asudalyga çenli bir ädim» atly filmde owgan ýigidi Ahmediň, «Özbekfilm» studiýasynyň önümi bolan «Uly älemdäki kiçijik adam» atly filmde Tolkunyň, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren «Ajaýyp» atly çeper filminde Beginiň, «Tüweleýiň meýdany ýok» filminde Berdiniň, «Kelhanyň toýy» filminde Kelhanyň, «Jadygöý» filminde gözbagçynyň daýysynyň, «Ömür kerweni» filminde Gelen Myradowiçiň, «Bagta barýan ýol», «Söýgi durmuşyň bezegi», «Oba oglany», «Tylla ýüzük» filmlerinde Gandymyň keşplerini döretdi.
Gandym Annadurdyýew türk¬men telewideniýesinde taýýarlanýan «Degişmeler dünýäsi» atly teleoýunlarda hem birnäçe keşpleri janlandyrdy.
Gandym Annadurdyýew teatr we kino sungatyny ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary üçin 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada eýe bolýar.