Annaberdi AGABAÝEW (1938- 2011)


Annaberdi AGABAÝEW (1938- 2011)



Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew 1938-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda dünýä inýär. Ol paýtagtdaky 20-nji orta mekdebi tamamlaýar. 1955-nji ýylda Annaberdi Agabaýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. 1960-njy ýylda ady agzalan uniwersiteti türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar. Ol uniwersitetde okaýan döwründe öz goşgulary bilen metbugat neşirlerinde çykyş edip başlaýar.
Annaberdi Agabaýewiň ilkinji goşgular ýygyndysy “Epgek” ady bilen 1969-njy ýylda neşir edilýär. Soňra şahyryň “Sorag alamaty”, “Oswensim nalasy”, “Jahankeşde”, “Günleriň bir güni”, “Çalsana bagşy”, “Hatyn daşlary”, “Tudananyň dänesi”, “Söz bilen göz”, “Durmuşyň durnalary”, “Mizan”, “Türkmen derwezesi” atly goşgular we poemalar kitaplary, “Saýlanan eserler” ýygyndysy okyjylara gowuşýar. Annaberdi Agabaýew drama eserlerini döretmek bilen hem yzygiderli meşgullanýar. Ol “Peýkam”, “On sekizdir ýaşlary”, “Magtymguly Pyragy”, “Ýönekeý tanyş” atly drama eserleriniň hem awtorydyr. Onuň onlarça goşgulary aýdyma öwrüldi.
Annaberdi Agabaýew Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi. Ol “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde işledi. Şahyr terjimeçilik işi bilen hem yzygiderli meşgullandy. Rus şahyry G. Weselkowyň “Sepgitler”, moldowan şahyry G. Wiýeruwyň “Ene hakda aýdym” atly şahyrana kitaplary onuň terjimesinde türkmen okyjylaryna gowuşdy. Şonuň ýaly-da, hindi şahyry H. Çattopalhaýa, rus şahyrlary Ý. Ýewtuşenko, R. Roždestwenskiý ýaly meşhur şahyrlaryň onlarçasynyň eserlerini terjime etdi. A. Agabaýew “Gaýrat” medaly, “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, “Galkynyş” ordeni bilen sylaglanyldy. Oňa 1999-njy ýylda “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen derejesi berildi.
Özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen edebiýatynyň baýlaşmagyna uly goşant goşan şahyr, dramaturg, kyssaçy Annaberdi Agabaýew 2011-nji ýylda aradan çykýar.