Hydyr Derýaýew
(1905–1988)
Ýazyjy Hydyr Derýaýew 1905-nji ýylyň 24-nji maýynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň (Öňki Mary oblastynyň Mary raýony) Egrigüzer obasynda eneden dogulýar. Ol çaga döwrinde hossarlaryndan jyda düşýär, ilki ýakyn garyndyşlarynyňkyda, soňra internatda terbiýelenýär. 1926-njy ýylda Daşkendiň Magaryf institutyny, 1931-nji ýylda Orta Aziýa döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Ol Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň talyby döwründe zähmet ýoluna başlaýar. Uniwersitetiň talybyka, okuwynyň daşyndan Daşkendiň Magaryf institutynda ýaşlara dilşynaslykdan we edebiýatyň nazaryýetinden ders berýär. 1931-nji ýyldan başlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (Öňki Aşgabat döwlet mugallymçylyk instituty) mugallymy, soňra şol ýokary okuw mekdebiniň dosenti wezipelerinde zähmet çekýär. Ýazyjy 1956-1963-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň (öňki Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat instituty) türkmen diliniň we edebiýatynyň taryhy bölüminde, 1963-1981-nji ýyllarda bolsa Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde dürli wezipelerde işleýär. Ussat ýazyjy 1981-nji ýyldan başlap, erkin döredijilik işi bilen meşgullanýar.
Hydyr Derýaýew türkmen edebiýatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 1967-nji ýylda Lenin ordeni, şol ýylda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, 1975-nji ýylda «Halklaryň dostlugy» ordeni, 1976-njy ýylda «Zähmet weterany» medaly, 1983-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragy, 1965, 1967, 1970-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Hormat hatlary bilen sylaglanýar. 1963-nji ýylda Türkmenistanyň Ýazyjylar Birleşiginiň agzalygyna, 1969-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy akademikligine, 1980, 1985-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýokary Sowetine deputatlyga saýlanýar.
Ýazyjy edebi ussatlygyň kämillik sepgitlerine barýan uly we çylşyrymly ýollaryny geçmeli bolýar. Ykbal ony 1937-1956-njy ýyllarda ýat ülkelere atarýar. Onuň döredijiligi eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbaly bilen gönüden-göni baglydyr. 1928-nji ýylda ýazyjynyň «Amyderýa» atly ilkinji poemasy neşir edilýär. Onda halkymyzyň göwher suwa goýýan hormat-sarpasy, suw üpjünçiligi bilen bagly ruhy ýörelgeleri, suwy tygşytly ulanmagyň nesilme-nesil geçip gelýän däp-dessurlary, gämiçilik tejribeleri aýdyň şöhlelenýär. Bu eser ýaşlarda tebigy suw gorlaryny eýeçilik gözi bilen garamak endiklerini terbiýelemekde iňňän ähmiýetlidir. Ýazyjynyň 1929-njy ýylda neşir edilen «Ökünçmi, maslahat» atly kyssa eserinde ýaş nesliň ahlak-edep terbiýesiniň asyrlar aşyp gelen milli ýörelgeleri janlandyrylýar. Bu eser ýazyjynyň ilkinji proza eseri bolmak bilen, onuň çeper suratkeşlige bolan ýiti zehinini okyjylar köpçüligine äşgär edýär.
Hydyr Derýaýewiň 1937-nji ýylda neşir edilen «Ganly penjeden» atly romany durmuş hakykatyny aýdyň şöhlelendirmekde tapawutlanan saldamly romanlaryň biri hökmünde türkmen edebiýatynyň taryhyna girdi. Soňra bu eser awtor tarapyndan täzeden işlenilýär hem-de «Ykbal» ady bilen dört sany kitap edilip, 1960, 1962, 1966, 1970-nji ýyllarda neşir edilýär. Bu uly göwrümli epopeýada halkymyzyň merdanlygy, watanperwerligi, agzybirligi, XX asyryň başynda ýurdumyzda amala aşyrylan ruhy-medeni özgerişler janly beýan edilýär. Eserde türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, myhmanparazlyk, dost-doganlyk ýaly ajaýyp häsiýetleriniň gadymy kökleri yzarlanylýar. Dost-doganlygyň hem-de goňşular bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň egsilmez güýçdigi çeper wakalaryň üsti bilen mesaňa subut edilýär. Ýazyjy şu eseriň birinji kitabynyň esasynda «Ykbal» pýesasyny, şeýle hem şol döwrüň wajyp wakalaryny öz mazmunyna siňdiren «Mähri», 1965-nji ýylda döreden «Arzuw» poemasynyň esasynda «Hojanepes» atly dramalaryny ýazýar. Mundan başga-da, 1974-nji ýylda söz ussadynyň «Harasat» atly romany neşir edildi.
Ýazyjynyň belli dilşynas alym H.Baýlyýew bilen bilelikde taýýarlan, orta okuw mekdepleri hem-de daşary ýurtlular üçin niýetlenen türkmen diliniň dürs ýazuwy, sintaksisi boýunça okuw kitaplary, şeýle hem «Türkmen diliniň taryhy boýunça oçerkler» atly monografiýasy neşiri ýaş nesillerimize baý dil baýlygymyzy çuňňur öwrenmekde hyzmat edip gelýär.
Ýazyjynyň «Ykbal» epopeýasynyň esasyda iki seriýaly adybir çeper kinofilmi surata düşürildi. Munuň özi, ussat ýazyjynyň döredijiliginiň geljekki nesillere elýeterli bolmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.