Oraz ÇERKEZOW (1935-1997 ý.ý.)


Oraz ÇERKEZOW (1935-1997 ý.ý.)



Oraz Çerkezow 1935-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dünýä inýär. Ol Tejen şäherindäki 1-nji orta mekdebini tamamlap, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetine okuwa girýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby döwründe ol Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral we çeperçilik institutyna okuwa girýär. Oraz Çerkezow institutda okap ýörkä, diplom işi hökmünde türkmen dilinde goýulan W.Şekspiriň “Otello” spektaklynda baş keşbi janlandyrdy. Oraz Çerkezow Otellonyň keşbini juda ussatlyk bilen döredip, institutyň tapawutlanan diplomyna eýe bolýar. 1960-njy ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň, şol döwürdäki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda zähmet ýoluna başlady. Ol bu ýerde ägirt halypalaryň ýörelgesine eýermek bilen, öz artistlik hünärini gitdigiçe kämilleşdirýär.
Teatrda goýlan “Keýmir kör” oýnunda oňa turuwbaşda Nedir şanyň keşbini ynanýarlar. Ol Bazar Amanow ýaly halypalaryň goldawy bilen bu keşbiň hötdesinden gelmegi başarýar. Şunlukda, keşpler yzyna keşpler sepleşip gidýär. “Baý we batrak” oýnunda Gafuryň keşbi Oraz Çerkezowyň naýbaşy keşpleriniň biri boldy. Ol öz janlandyrýan gahrymanynyň özboluşly häsiýetini ynandyryjy açyp görkezýär. Ol mydama şahyrlaryň, belli şahsyýetleriň keşplerini oýnamagy halaýar. Şunlukda, oňa nusgawy türkmen şahyrlary Magtymguly Pyragynyň, Seýdiniň, frontçy şahyr Şaly Kekilowyň keşplerini döretmek bagty miýesser edýär.
Oraz Çerkezow milli kino sungatynda hem öz ussatlygyny görkezýär. Ol ilkinji gezek “Özbekfilm” kinostudiýasynyň önümi bolan “Çuň gat” atly çeper filmde baş keşbi – ýaş inženeriň keşbini döretdi. Soňra halkara kinofestiwallarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan “Aýgytly ädim”, “Keçpelek”, “Altynyň öwüşgüni”, “Bars”, “Çagalyk ýyllarymyň kasamy”, “Söýginiň gussaly hakydasy”, “Gepard”, “Derýanyň aňyrsy – serhet” ýaly çeper filmlerde saldamly keşpler oýnap, tomaşaçylaryň hormatyny gazandy. Teatr sahnasyndaky ýaly, bu kinofilmlerindäki keşpler hem Oraz Çerkezowyň döredijilik terjimehalynda gowy yz galdyrdy.
Ol 1977-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Milli teleradiokompaniýasynda režissýor bolup işe başlaýar. Teatrda we teleradiokompaniýasynda işlän döwürlerinde özüniň ýokary ussatlygy bilen sungat äleminde birnäçe keşpleri nusgalyk derejede döredip, köpleriň söýgüsini gazanmagy başarýar. Şol ýyllar ol diňe zehinli artist hökmünde däl-de, eýsem, ukyply režissýor hökmünde-de giňden tanalýar. Ol türkmen telewideniýesinde halk köpçüligine hödürlenen “Magtymguly” telespektaklynda akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň keşbini janlandyrýar. Şeýle-de, “Azaşan ýigit”, “Baý we batrak”, “Polat nähili taplandy”, “Mirasdar”, “Gara bägüller”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Ýusup-Ahmet” ýaly telespektakllarynda bolsa, Oraz Çerkezowyň özi Hysrow şanyň we beýlekileriň keşbini janlandyrýar. Bu teleoýunlar tomaşaçylaryň göwnünden turdy.
Türkmen teatr we kino sungatyny ösdürmekde saldamly goşandy üçin Oraz Çerkezowa 1967-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen belent at dakylýar.