Annagül Annagulyýewa


Annagül Annagulyýewa
(1923-2009 )



Annagül Annagulyýewa 1923-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Esenguly obasynda eneden doguldy. Ol 1936-njy ýylda ýurdumyzda ilkinji gezek Aşgabatda açylan aýal-gyzlar mugallymçylyk mekdebine okuwa girip, şol ýerde hor toparyna goşulýar. Onuň ýiti zehini, yhlasy, ussat mugallymlaryndan alan hünäri ýetginjekleriň arasyndan saýlanmagyna ýardam edýär. Soňra Annagül Annagulyýewa 1941-nji ýylda Aşgabatda täze açylan opera we balet teatrynda döredijilik işine başlaýar. Şeýlelikde, «Zöhre-Tahyr» operasy goýlanda, oňa Zöhräniň keşbini janlandyrmagy tabşyrýarlar. Ilkinji gezek görkezilen «Zöhre-Tahyr» operasy A.Annagulyýewa örän uly üstünlik getirip, onuň zehininiň açylmagyna ýardam edýär. Onuň çeşme ýaly dury sesi aýtdygyça owazlanyp, kämilleşýär. Şeýlelikde, ol şirin sesi, tebigy zehini bilen «Şasenem-Garypda» Şasenemiň, «Kemine we kazyda» Ogulbegiň, «Leýli-Mežnunda» Leýliniň, «Suw perisinde» Maşanyň, «Kuba gyzynda» Aýhalynyň, «Gül-Bilbilde» Gülüň, «Ýewgeniý Oneginde» Tatýananyň, «Çio-Çio-Sanda» Batterfleýanyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Şeýle hem ussat artist «Karmen» operasynda Karmeniň, «Garahal gelin» operasynda Lizanyň, «Aida» operasynda Aidanyň, «Knýaz Igor» operasynda Ýaroslawanyň partiýalaryny ýerine ýetirýär.

Artist Annagül Annagulyýewa çykyş eden ähli operalarynda zenanlaryň bagtly şatlygyny örän näzik hem mähirli äheňde beýan edýär. Ol zenanlaryň keşbiniň aň hem pikir çylşyrymlylygyny, olaryň içki duýgularyny ähli görnüşde örän çuňňur görkezmegi başarýar.
Meşhur kompozitor N.Halmämmedow bilen A.Annagulyýewa ençeme ajaýyp wokal aýdymlaryny hem döredýärler.
Milli opera sungatymyzyň ilkinji kerpijini goýan artist Annagül Annagulyýewanyň kino sungatynda hem birnäçe keşpleri döredýär. «Şasenem-Garypda» Şasenem, «Daşgalada bolan wakada» Ene Garaýewa, «Keçpelekde» Dursunsoltan, «Derýanyň aňyrsyndaky serhetde» Hesel, «Aýratyn tabşyrykda» Annajemal, Annagül Annagulyýewanyň döreden ýatdan çykmajak keşpleridir. Onuň çeper filmlerde oýnan gahrymanlary milli kino sungatymyzda döredilen nusgawy keşpleriň hataryna girdi.
1955-nji ýylda Moskwada geçirilen Türkmen medeniýetiniň ongünlüginde «Şasenem-Garyp» operasy üstünlik gazanýar. Moskwaly tomaşaçylar, sungaty öwrenijiler operadaky Şasenemiň keşbini janlandyran Annagül Annagulyýewanyň ýerine ýetirijilik ussatlygyna ýokary baha berýärler.
Ol 1941-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli öňki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky akademiki opera we balet teatrynda opera aýdymçysy bolup zähmet çekdi. Annagül Annagulyýewa Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýanyň, arap ýurtlarynyň, goňşy döwletleriň ençemesinde bolup, türkmen sungatyny äleme ýaýdy. Bu opera aýdymçysy Moskwa, Baku, Daşkent şäherlerinde kompozitorlaryň wokal eserlerinden, opera ariýalaryndan düzülen özbaşdak konsertleri berdi.
Opera žanrynyň gazananlaryny ýüze çykarmakda we milli aýratynlyklaryny açyp görkezmekde nusgalyk keşpleri döreden, ömri, durmuşy sungata öwrülen ussat halypa hiç unudylmaýar. Meşhur opera aýdymçysy, teatr we kino artisti Annagül Annagulyýewanyň ömri we döredijiligine bagyşlanan «Gözellige gulluk edýärin», «Ussatlar» ýaly dokumental filmler surata düşürildi.

Türkmenistanyň medeniýetini, sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp bolýar. 1965-nji ýylda sungat äleminde bitiren hyzmatlaryna, ýerine ýetirijilik ussatlygyna ýokary baha berlip, A.Annagulyýewa SSSR-iň halk artisti diýen belent at dakylýar. 1996-njy ýylda ussat artiste «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşurylýar.