Oraz salyr Mäti ogly
(1876–1940)
Özboluşly ýerine ýetirijiligi bilen tapawutlanýan, häzirki döwürde şägirtleri tarapyndan ýoly ýöredilýän ussat halypalaryň biri Türkmenistanyň halk bagşysy Oraz salyrdyr.
Oraz salyr Mäti ogly 1876-njy ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda bagşylaryň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Mäti we agasy Çerkez öz döwründe halk tarapyndan söýlüp diňlenýän bagşylar bolupdyr. Oraz ilkinji saz tälimlerini kakasy Mäti bagşydan, soňra bolsa agasy Çerkez bagşydan alypdyr. Çagalykdan esasy oýnagy ilki dilli tüýdük, soňra gargy tüýdük bolan Oraz ençe ýyllap gargy tüýdügiň ýanynda aýdym aýdyp gezipdir. Meşhur Peýdaguly tüýdükçiniň, Ýagşy tüýdükçiniň sazandarlyk etmeginde labyzly sesi bilen «Ak eşekli», «Bidert ýarym», «Kyýamat», «Tabşyrdym seni» ýaly ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirip halkyň içinde adygyp başlapdyr. Soň-soňlar bolsa dutar saz guralyny ymykly ele alyp, aýdymlaryny dutara goşup aýdypdyr. Şükür bagşy, Gurban bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Amangeldi Gönübekow ýaly halypalar bilen ýakyndan tanyşyp, olar bilen sungat aragatnaşygyny saklaýar. Onuň adynyň yzyna Salyr lakamy goşulyp, il içinde ýörgünli ady Oraz salyr bolupdyr.
Mary welaýatynda ýerleşýän «Ýolbarsly» çaýhanasy ýurdumyzyň ähli ýerine, şeýle-de goňşy döwletlere-de belli bolupdyr. Çaýhananyň esasy aýratynlygy hem bu ýerde belent sesli meşhur bagşylar, ýüwrük elli tanymal sazandalar düşläpdirler. Olaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary islendik ýolagçyny ýolundan sowup, çaý içip, bagşy diňläp, dynç alyp gidýändigi sebäpli, çaýhana mydama adamly bolupdyr. Ol ýere halypa bagşy-sazandalar, şägirtler üýşüp, gyzykly sungat söhbetlerini hem edipdirler. Oraz salyryň aýdan aýdymlary hem ilkinji gezek 1903-nji ýylda Marynyň şol «Ýolbarsly» çaýhanasynda ýazgy edilýär. Şonda bagşynyň «Kelte gyrk», «Nowgül», «Dat ýar, «Arzygül», «Meýlis halar», «Köne güzer» atly aýdymlary ýazgy edilip, tiz wagtda türkmen topragyna ýaýraýar.
1926-njy ýylda türkmen sazyny öwrenmäge ýörite gelen rus alymy W.A.Uspenskiý Sarahsa baryp, meşhur bagşy Oraz salyr bilen duşuşypdyr. Onuň täsin owazly aýdymlaryny gaýta-gaýta diňläp, şirin owazyna haýran galypdyr. Alym ondan «Nejep oglan» dessanyndan «Jygaly», «Gül-Senuber» dessanyndan «Tabşyrdym seni» diýen aýdymlaryny nota ýazgysyna geçiripdir. Şeýle hem Oraz salyryň kakasy Mäti bagşy, agasy Çerkez bagşy, Agajan bagşy barada gyzykly maglumatlary ýazyp alypdyr.
Täçmämmet Suhangulyýew bilen Sahy Jepbarowyň ýolbaşçylyk eden aýdym-saz toparynda birnäçe wagtlap işlän Oraz salyp topar bolup, dürli ýerlerde çykyş edip, öz ussatlygyny ýene bir gezek äşgär edýär. 1935-nji ýylda Moskwa şäherinde Oraz salyryň «Gyrklar», «Gyzyl gül», «Aýlansam», «Tüni derýa», «Elden gider» ýaly aýdymlary gramplastinka ýazgy edilýär. 1938-nji ýylda aýdym-saz sungatynda bitiren aýratyn hyzmatlary nazarda tutulyp, oňa ilkinjileriň hatarynda «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen belent at dakylýar. Kiçi Geldimyradow, Rejep Gylyjow, Giçgeldi Amanow, Oraz Sopyýew, Nurjemal Adyýewa ýaly tanymal bagşylar Oraz salyryň mynasyp şägirtleridir. Oraz salyr Mäti ogly 1940-njy ýylda aradan çykýar.
Meşhur bagşynyň ýaşap geçen topragynda onuň ömri we döredijiligine bagyşlanyp dürli dabaralar geçirilýar. Ahal welaýatynyň Sarahs etrap medeniýet bölüminiň Oraz Salyr adyndaky bagşylar öýi hem hereket edýär. Halypa Oraz salyryň ýerine ýetiren «Ýok meniň», «Aýlansam», «Köne güzer», «Bigäne ýagşy», «Elden gider», «Arzygül» ýaly aýdymlary bolsa ýaş bagşylarymyz tarapyndan ürç edip öwrenilýär we ýerine ýetirilýär.