Bäşim Artykow
(1922-1986 )
Bäşim Artykow 1922-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde eneden bolýar. 1935-1939-njy ýyllarda Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde okaýar. Soňra ol 1939-1941-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. Talyp ýyllary Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. Uruşdan dolanyp gelenden soň, B.Artykow 1948-1954-nji ýyllarda Moskwanyň I.P.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynda okaýar. Özüniň döredijilik ýoluna 1955-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynda başlady. Ol teatrda işläp başlan ilkinji ýyllarynda teatryň köp dürli repertuarlaryny özleşdirmegi başardy we tizara teatryň döredijilik toparyna goşuldy. B.Artykow teatrda sahnalaşdyrylan «Sewastopolçylar» oýnunda Petronyň keşbini döredýär. Bu onuň teatryň sahnasynda döreden ilkinji keşpleriniň biri bolýar.
Türkmen opera we balet sungatynda özüniň ýakymy lirik-tenor sesi bilen tanalan B.Artykow doganlyk halklaryň dramaturgiýasyndaky sahna keşpleri döretmeli bolsa-da, milli takyklyga çirk ýetirmän, keşbi öz tomaşaçysynyň kalbyna ornaşdyrmagyň hötdesinden gelýär. Şunlukda, ol P.Çaýkowskiniň «Ýewgeniý Onegin» operasynda çeperçilik taýdan örän gyzykly Lenskiniň täsirli keşbini ýerine ýetirdi. Ol 1955-nji ýylda Moskwada geçirilen türkmen opera we balet teatrynyň ongünlüginde bu operada çykyş edip, moskwaly tomaşaçylarda täsir galdyrdy. Şeýle hem ýaş artist G.Burunowyň librettosy esasynda sahnalaşdyrylan «Şasenem-Garyp» operasynda ýakymly liriki-tenor sesi bilen aşyk Garybyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Ol Garybyň edermen hem sap ýürekli keşbini döredip, saz-sahna ýerine ýetirijiliginde ussatlyga tarap ynamly ädim ätdi. Ol Garybyň çekýän ejirini sadalyk hem-de ynandyryjylyk bilen suratlandyryp, keşbi ýerine ýetirişinde we aýdym aýdyşynda tüýs hakyky dramatizme ýetýär. B.Artykow 1957-nji ýylda teatrda goýlan U.Gajybekowyň «Görogly» operasynda Ehsan patyşanyň keşbini ýerine ýetirip, öz tomaşaçysynyň kalbyna ornaşdyrmagyň hötdesinden gelýär. A.Şapoşnikowyň we D.Öwezowyň «Aýna» operasynda bolsa Derýanyň partiýasyny uly joşgun bilen ýerine ýetirýär. Türkmen milli opera we balet sungatynyň ösüşinde ynamly ädimler bilen tanalan artist P.I.Çaýkowskiniň «Garahal gelin» operasynda Germanyň çylşyrymly keşbini saýhallylyk bilen açyp görkezdi.
Bäşim Artykow «Karmen» baletinde Don-Hozeniň, «Masgarabazlar» baletinde Kanionyň, «Aida» operasynda Radamekiň, «Owod» baletinde Arturyň, A.Makarowskiniň «Şa gelinligi» operasynda Lykowyň we beýlekileriň partiýalarynda şowly çykyş edýär. Ol 1959-njy ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, hünäri ýokarlandyrmak maksady bilen, Moskwanyň I.P.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynda aspiranturada okaýar. 1965-nji ýylda bolsa ozalky Leningradyň S.Kirow adyndaky opera we balet teatrynda hünärini kämilleşdirýär.
Dünýäniň nusgawy operalarynyň rus dilindäki spektakllaryna gatnaşmagy, onuň üçin saz-sahna medeniýetiniň, wokal hem-de artistçilik ussatlygynyň mekdebi bolýar, döredijilik taýdan ösmegine ýardam edýär.
Soňra onuň döreden keşpleriniň sanawyna «Zöhre we Tahyr», «Kemine we Kazy» oýunlardaky keşplerem goşulýar.
Türkmen opera we balet sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin B.Artykowa 1955-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy.