Agageldi Allanazarow


Agageldi Allanazarow



Ýazyjy A.Allanazarow 1948-nji ýylyň 4-nji awgustynda Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynda eneden dogulýar. Uly durmuş wakalary ýazyjynyň «Ojak» roman epopeýasynda öz beýanyny tapýar.
Ýazyjy obalaryndaky orta mekdebiň 8 synpyny gutaryp Mary şäherindäki mugallymçylyk mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Okuwyny gutaryp ol 1 ýyl Mary şäherindäki 6-njy mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işlerýär. Şol ýerdenem ol goşun gullugyna alynýar.
Meşhur ýazyjy Agageldi Allanazarowyň hekaýa, powestlerdir romanlary dürli döwürde dünýäniň 30-a golaýynyň diline terjime edildi. Onuň eserleri rus dilinde 8, belorus dilinde 3, serb-horwat dilinde 2 gezek, kitap edilip çykaryldy. Bulardan başga-da ýazyjynyň galamyna degişli eserleriň birnäçesi: özbek, täjik, iňlis, portugal, gyrgyz, ýapon, bolgar, gazak dillleri ýaly ýene-de ençeme dillere terjime edildi.
Ýazyjy çagalaryň hem halap okaýan «Şadyýan harplyk», «Çölüň deňiz günleri», «Günüň öýi», «Güýçli at», «Şol bir gezek uçan it», «Üç murtlak kapitan» ýaly kitaplaryny döretdi. Onuň çagalara niýetläp ýazan «Tilkiniň doglan güni» spektakyly teatrlaryň ençemesinde goýulmak bilen indi 40 ýyla golaý wagt bäri sahnadan düşmän gelýär.
Ýazyjy A.Allanazarowyň döreden «Ojak» atly köp tomly romany edebiýatda özboluşly bir hadysa boldy.

Harby gullukdan soň Agageldi özüniň ozaldan arzuw edip ýören, okuw jaýy bolan Moskwanyň A.M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna okuwa girýär. A.Allanazarow instituty üstünlikli tamamlandan soň 1976-njy ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor bolup işe başlaýar. Ýazyjy dürli ýyllarda bu neşirýatyň baş redaktory, direktory wezipelerinde işleýär. Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň çeper edebiýaty ýaýradyjy edarasyna ýolbaşçylyk edýär.
1992-nji ýylda ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşir işler boýunça Komitetiniň başlygynyň orunbasary, 2001-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet kitap palatasynyň başlygy wezipelerine bellenýär. Häzirki wagtda ol Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ulgamynda işleýär.
Agageldi Allanazarowyň «Ýedi däne», «Çat açan menzil» powestleriiniň «Dogan» nowellasynyň esasynda üç sany çeper film döredildi.
Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi (1984 ý.) Türkmenistanyň at gazanan medenet işgäri (2016 ý.). Şeýle-de ýazyjy «Magtymguly Pyragy», «Watana bolan söýgüsi üçin», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Ýazyjy Agageldi Allanazarow bulardan başga-da Russiýanyň «Zolotoýe pero Rossiýi» baýragynyň eýesidir.
Şeýle-de onuň eserleri dürli ýyllarda, Belorus ýazyjylar soýuzynyň, Russiýa Saha-Ýakut ýazyjylar soýuzynyň, Gazagystanyň Medeniýet ministrliginiň sylag-serpaýlaryna hem mynasyp boldy.