Akmyrat Arçikow


Akmyrat Arçikow



Akmyrat Arçykow 1961-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde eneden bolýar. Ol mekdepde okaýarka çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaşýar. Şeýle hem etrap medeniýet öýüniň halk teatrynda taýýarlanýan spektakllarda çykyş edýär. Orta mekdebi tamamlap, 1979-njy ýylda Daşkent şäheriniň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutynyň kino we sazly komediýa artisti hünäri boýunça okuwa girýär. Bu ýokary okuw mekdebini 1984-nji ýylda tamamlap, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işe başlaýar.
Arçikow Akmyrat teatryň sahnasynda taryhy eserlerde-de, daşary ýurt eserlerinde-de ençeme şowly keşpleri ýerine ýetirdi. Onuň döreden keşpleriniň agramly bölegi diýen ýaly ýaşulynyň keşbi. Şeýle hem ol dürli-dürli häsiýetdäki «Oýun bir, maza iki» oýnunda Tyrry aganyň, «Halas ediň» oýnunda Armanowyň, «Çanduwyň başdan geçirenleri» oýnunda Matabyň, «Täsin tebip» oýnunda Peleň hanyň, «Şapak» oýnunda ýaşuly Amanyň, «Sawçylar» oýnunda Çary aganyň, «Täze maşgala» oýnunda Ýegenmyradywň, «Kemal» oýnunda Salyhyň keşbini janlandyrýar. Şeýle hem ol «Gedaý bagşy» oýnunda nökeriň, «30-njy ýyllar» oýnunda Baýyň, «Suwulgan» oýnunda Gökgöz oglanyň, «Bu sen hakda bolaýmasyn» oýnunda Mollaýewiň, «Mukaddes söýgi» oýnunda Berdiniň, «Söýgi wepasy, jepasy» oýnunda öýlenjek ýigidiň, «Altyn jüýje» oýnunda Gurbaganyň, jüýjäniň, «Üçekde ýaşaýan Karlson» oýnunda Karlsonyň, «Beýik gurbagajyk» oýnunda aýynyň, «Daňdanakan bürgütleri» oýnunda Saw Tekiniň, «Seljuk söýgüsi» oýnunda Mürzäniň, «Kim köp gülmeşek» oýnunda Ýaşulynyň, «Nusaý söýgüsi» oýnunda ilçi Selewkiň, «Soltan Alp Arslan» oýnunda weziriň, «Jelaletdin soltan» oýnunda Nogaý ilçisiniň, «Jahan jomardy» oýnunda Münejjimiň, «Gyrat» oýnunda Taýmaz begiň, «Kime jaý gerek, kime taý» oýnunda Äýnekli adamyň, «Janly gurjaklar» oýnunda Wezir Barybiriň, «Garagumyň bürgütleri» oýnunda işçi Iwanyň, «Söýgi hasraty» oýnunda Pyzzynyň, «Hak aşyklar» oýnuda mugallymyň, «Yşk mülküniň şasy» oýnunda Mämmetdurdy kethudanyň, «Döwletli döwran geldi» oýnunda Begnazar aganyň, «Watan hakda üç aýdym» oýnunda Sopy hanyň, «Ýurt» oýnunda Oraz gojanyň, «Ýegşerme goja, ýegşerme» oýnunda Maşat aganyň, «Wah, gara gözler» oýnunda Hajy Numanyň, «Ýagtylan köňüller» oýnunda Kerweniň, «Magtymguly» oýnunda Nury käzimiň keşplerini döretdi.
Akmyrat Arçikow «Ýaşlygymyň dessany», «Arçaly adam», «Öwrüm», «Watan ogly», «Haly rowaýaty», « Şaýly gelin», «Gedaý bagşy», «Berç», «Mollanepes», «Seýis», «Talyp durmuşy», «Täsin syýahat», «Buzly köşk», Magtymguly» ýaly çeper filmlerde, telesahnalarda hem birnäçe keşpleri ýerine ýetirdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, ýokary ussatlygy, türkmen teatr sungatynyň ösmegine goşýan goşandy we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin Akmyrat Arçykowa 1999-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at berildi. 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanyldy.