Gulkişi Gulmyradow


Gulkişi Gulmyradow
(1906-1965)



Gulkişi Gulmyradow 1906-njy ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda eneden bolýar. Ol başlangyç bilimi obalarynda alýar. 1928-nji ýylda Aşgabadyň mehaniki tehnikumynda okaýar. Şol tehnikumda döredilen drama gurnagynyň hem işjeň agzasy bolýar. Ony tamamlanandan soň, 1926-njy ýylda açylan teatr studiýada okaýar. Studiýada okap ýören wagtlary 1928-nji ýylda A.Gowşudowyň «Ganly jeňňel» spektaklynda Abdyrahman işanyň keşbinde çykyş edýär. Ýaşlygyna garamazdan, Abdyrahman işanyň keşbini şowly döretmegi başarýar. Okuwyny tamamlap, Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işleýär. H.Çaryýew bilen B.Amanowyň «Zöhre-Tahyr» dramasynda Wahyt galandaryň keşbini döredýär. Gulkişi Gulmyradow öz gahrymanynyň daş sypatynam, içki duýgusynam keşbiniň häsiýetine kybapdaş geler ýaly edip tapýar. Artist özüniň şu döredijilik ugruny biziň döwürdeşlerimiziň položitel keşplerini döretmek bilen has-da baýlaşdyrdy. Şoňa görä-de türkmen teatrynyň sahnasynda položitel gahrymanyň keşbini teswirlemekde G.Gulmyradowyň görnükli goşandy bardyr.

Türkmen teatrynyň altyn hazynasyna giren G.Burunow bilen B.Amanowyň «Keýmir kör» taryhy dramasynda Gulkişi Gulmyradowyň ýerine ýetiren Keýmir serdaryň keşbi özboluşly halk gahrymany bolup, tomaşaçynyň aňynda galdy. Şunlukda, Gulkişi Gulmyradowyň döreden keşplerinde mylaýymlyk, tutanýerlilik, okgunlyk güýçli duýulýar. Öz döredijiligindäki şol esasy ýörelgäni G.Gulmyradow soňky ýyllarda-da dowam etdirdi.

Ol G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» dramasynda Allan aganyň keşbini ussatlyk bilen döretmegi başarýar. Onuň Allan agasy özüniň paýhaslylygy, ýüreginiň diýseň päkligi bilen tapawutlandy. Artistiň döredijiliginiň aýratynlygy sözsüz sahnany ýerlikli peýdalanyp bilýänliginde bolýar. G.Gulmyradow baryp 1941-nji ýylda rus ýazyjysy M.Gorkiniň «Duşmanlar» dramasyndaky rus işçisi Lewşiniň ynandyryjy hem-de tolgundyryjy sahna keşbini döretmek bilen, türkmen sahna sungatynda Gorkiniň dramaturgiýasyny janlandyrmakda hem ilkinjileriň biri boldy. Gulkişi Gulmyradow teatryň sahnasynda goýlan K.Terenewiň «Lýubow Ýarowaýa» oýnunda Gornestlewiň, T.Taganowyň «Kökenli ýüzük» oýnunda Magtymguly Pyragynyň ýakyn maslahatçysy Buzly Poladyň keşpleri tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ol öz çagalarynyň bagty ugrunda janyna aýaman mährem atalaryň hem birnäçesiniň tolgundyryjy keşbini türkmen sahnasynda janlandyrdy. Artist A.Esenowyň «Padymanyň gyzyndaky» Kuly aganyň, hindi ýazyjysy R.Tagoryň «Gang gyzyndaky» Annondy babuwyň, nemes ýazyjysy F.Şilleriň «Galtamanlaryndaky» goja Mooryň sahna keşplerini ussatlyk bilen döredip, tomaşaçylaryň sagbolsunyna mynasyp boldy.

Gulkişi Gulmyradow öz söýgüli käri bilen kino sungatyny utgaşykly alyp bardy. G.Gulmyradowyň döreden täsin keşpleriniň biri hem ýazyjy, dramaturg G.Gurbansähedowyň «Şahyr» atly hekaýasy esasynda döredilen «Iň soňky ýol» atly filmdäki Zaman şahyryň keşbidir. Türkmen filminde ol Zaman şahyryň dana sözli, nurana ýüzli, gaýduwsyz ýürekli, gahrymançylykly keşbini ýokary ussatlyk bilen döretmegi birkemsiz başardy. Ol «Aýratyn tabşyryk» atly çeper filmde halkyň wekili parasatly ýaşuly Ata Merdanyň keşbini janlandyrdy. 1940-njy ýylda surata düşürilen «Jigidiň ogly», «Dursun» filmlerinde Gurbanyň, Aşyryň, 1941-nji ýylda surata düşürilen «Prokuror» filminde Nury Hanowyň, 1959-njy ýylda surata düşürilen «Aýna» filminde Han aganyň, 1960-njy ýylda surata düşürilen «Gündogara tarap on ädim» filminde Italmazyň, «Iň soňky ýol» filminde Zaman şahyryň keşplerini döretdi. Onuň teatrda, kinoda döreden keşpleri öz milliligi, öz topragynyň dili bilen gürläp bilýänligi bilen tomaşaçylaryň hemişelik hakydasynda galdy.

Döredijiliginiň soňky ýyllarynda G.Gulmyradow Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda ilhalar keşpleri döretdi. Bu teatrlaryň sahnasynda ol özüniň baý döredijilik tejribesini getirdi. Ýaş döredijilik toparlaryň çeperçilik derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etdi. Ol Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda-da A.Garlyýewiň «Aýna» dramasy bilen «Atalar hem çagalar» oýnundaky Esen baý bilen Han aga ýaly sahna keşpleri janlandyrdy. Bu keşpler artistiň döredijilik örüsiniň giňdigini hem-de köp taraplydygyny ýene-de bir gezek aýdyň ýüze çykardy.
Teatr sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Gulkişi Gulmyradowa 1944-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylýar.