Baýram Seýdyllaýew


Baýram Seýdyllaýew
(1939-2014)



Baýram Seýdyllaýew 1939-njy ýylyň 15-nji awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Mülkbagşy obasynda eneden bolýar. 1967-1970-nji ýyllar aralygynda Daşkent şäherindäki A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutyny tamamlaýar. Ol institutda diplom işi hökmünde «Durna ýelekleri», «Ýapon ertekisi» ýaly sahna oýunlaryny sahnalaşdyrýar. Instituty gutarandan soň, Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň režisýory bolup zähmet ýoluna başlaýar. Baýram Seýdyllaýew soňra ozalky A.Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynyň režissýory, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti bolup işleýär. Ömrüniň ahyryna çenli bolsa Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda oýun goýujy režissýor bolup zähmet çekdi.
Baýram Seýdullaýewiň teatrda goýan oýunlarynyň sanawy onlarçadyr. Ol dürli ýyllarda R.Gamzatowyň «Dagly gyz», A.S.Puşkiniň «Husyt Ryçar», T.Ýanyň «Gyz we Bahar», A.Mämiliýew bilen B.Suhanowyň «Satylan düýş», Ç.Aşyrowyň «Ogul takdyry», W.Lýubimowyň «Garjagaz», A.Papoýanyň «Parižli giýew», W.Rozowyň «Şatlyk gözleginde», S.Mihalkowyň «Sombrero», G.Ezizowyň «Nesiller poemasy», M.Gurbanglyjowyň «Bozduman», A.Wampilowyň «Uly oglum», G.Kulyýewiň «Wah, siz erkekler», A.Agabaýewiň «Şazadalar aýdymy», H.Ysmaýylowyň «Meniň ýaşlygym», N.Jumaýewiň «Altyn ýyldyz», A.Mämiliýewiň «Toý», B.Abdyllaýewiň «Nusaýda», M.Gurbangylyjowyň «Ynjamasyn eneleriň ýüregi», A.Agabaýew bilen R.Esenowyň «Peýkam», G.Gurbansahatowyň «Meňli», O.Annaýewiň «Şapak», A.Wampilowyň «Iýundaky hoşlaşyk», B.Çiçkowyň «Solgun ýüzliler», A.Agabaýewiň «Magtymguly-Pyragy», G.Gurbansähedowyň «Para», G.Muhtarowyň «Otuzynjy ýyllar», R.Durdyýewiň «Ak derekleriň aýdymy», A.Gurbannepesowyň «Bu sen hakda bolaýmasyn», N.Rejebowyň «Gedaý bagşy», B.Orlowyň «Altyn jüýje, T.Hojakgaýewiň «Gara kelle», H.Şirowyň «Jadygöýiň agyryly dişi», G.Muhtarowyň «Täsin tebip», H.Müllügiň «Sawçylar», G.Kulyýewiň «Wah siz erkekler», Ý.Mämmediýewiň «Daňdanakan bürgütleri», N.Rejebowyň «Aç möjek», G.Orazgulyýewiň «Çyna ýazan söýgi», S.Mihalkowyň «Gopbamja towşan», H.Bäşimowyň «Kime jaý gerek, kime taý», G.Daňatarowyň «Yşk mülkiniň şasy», A.Işangulyýewiň «Garry möjek», «Ýolbarsyň towuk ketegi», G.Daňatarowyň «Şäher ertekisi» ýaly sahna eserlerini sahnalaşdyrdy. Baýram Seýdyllaýew ata Watanymyzyň şanly baýramlaryny, döwlet çärelerini talaba laýyk guramakda we geçirmekde çeper ýolbaşçy, guramaçy hökmünde uly goşant goşdy.
Baýram Seýdyllaýew Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, ýokary ussatlygy, türkmen teatr sungatynyň ösmegine goşan goşandy we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin 1989-njy ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 2001-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy. 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 1999-njy ýylda «Gaýrat» medaly, 2001-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglanyldy.