Fahriýa Alyýewa
(1922-2018 )
Fahriýa Alyýewa 1922-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda eneden doguldy. 1941-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutyny tamamlady we drama we kino aktýory boýunça hünäri ele aldy. Okuwyny tamamlandan soň, ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda artist wezipesinde işläp başlady. Ol 1941-nji ýyldan başlap, tä 2006-njy ýyla çenli biregne şu teatrda zähmet çekdi. Türkmen artisti 1941-nji ýyldan başlap, bütin durmuşyny teatra bagyş etdi. Uzak ýyllaryň dowamynda teatryň sahnasynda tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan köp sanly keşpleri döretmegi başardy. Fahriýa Alyýewa türkmen teatr sungaty üçin ýaş hünärmenleriň ösdürip ýetişdirilmegine-de uly goşant goşýar. Ýaş-laryň ençemesi halypa mugallymyň ussahanasynda bilim, terbiýe alýar.
Fahriýa Alyýewa meşhur «Otello» spektaklynda türkmen teatr sungaty-nyň düýbüni tutanlaryň biri, halypa artist Aman Gulmämmedow bilen bile-likde keşp janlandyrmak bagty miýesser edýär. Bu eserde Fahriýa Alyýewa Dezdimonanyň keşbini ussatlarça döredip, teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Fahriýa Alyýewanyň sahnada döreden keşpleri barmak büküp sanardan kän. Onuň döredijilik ýolunda ýerine ýetiren türk-men we daşary ýurtly dramaturglaryň nusgawy pýesalaryndaky keşpleri öz-boluşlylygy bilen tapawutlanýar. Olardan gyrgyz ýazyjysy Ç.Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyran «Elwan ýaglykly selrwimdäki» Hatyjasy, B.Amanow bilen G.Burunowyň «Keýmir köründäki» Kümüşi we Enebaýy, G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasyndaky» Zybasy we Ýazgüli, B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädimindäki» Maýsasy, H.Derýaýewiň «Ykba-lyndaky» Ogulnyýazy, G.Gurbansähedowyň «Azaşan ýigidindäki» Ýelena-sy T.Taganowyň we G.Seýitliýewiň «Baky dirilerindäki» Mariýasy, G.Se-ýitliýewiň «Jahanyndaky» Jahany, G.Muhtarowyň «Şeýtan zurýatlarynda-ky» Amangözeli, T. Esenowanyň «Gelin gelýärdaki» Jöwzasy, S.Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňyndaky» Satdysy, G.Lorkanyň «Bernard Albanyň öýündäki» eneke Ponsiýasy ýatlamaga mynasyp keşplerdir. Sahnada geçiri-len uzak ýyllar Fahriýa Alyýewany has-da kämilleşdirýär. Hyjuwdan ýaňa syçrap duran gözlere soňluk bilen agraslyk, parasatlylyk aralaşýar. G.Lorka-nyň eseri boýunça sahnalaşdyrylan «Bernard Albanyň öýi» atly spektaklda eneke Ponsiýanyň keşbinde Fahriýa Alyýewa öz kalbyndaky enelik mähri-ni doly açyp görkezýär. Bir görseň, talap ediji eneke, gerek ýerinde-de gyz-laryň öz enelerinden ýakyn hossaryna öwrülýär. Ol mähriban käbäňe, ýa-kyn hossaryňa çalym edýär. Bu keşpden tomaşaçy mähir susup alýar. Fahri-ýa Alyýewanyň hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly sesi bar. Ol bir görseň, «Gelin gelýär» spektaklynda zarply çykyp dur, bir görseňem, mährem enä-niň labzynda saňa nesihat berýär
Dürli ýyllarda Fahriýa Alyýewa 250-ä golaý gahrymanlaryň keşplerini döredip, türkmen teatr sungatynyň ösmegine önjeýli goşant goşdy. Islendik keşbi döredende öz kärine bolan çäksiz söýgüsi oňa egsilmez gujur-gaýrat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda, il içinde abraýly ýaşuly ene hökmünde ýaşlara görelde bolmakda, jemgyýetçilik işlerinde Fahriýa Alyýewanyň bitiren hyzmatlary uludyr. Uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere döredijilikli zähmeti, zehin-başarnygy bilen uly goşant goşandygy üçin Fahriýa Alyýewa 1955-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1974-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakyldy. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglanyldy.