Muhammet Çerkezow


Muhammet Çerkezow
(1911-1993)



Muhammet Çerkezow 1911-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde eneden bolýar.
1933-nji ýylda M.Çerkezow D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebini tamamlap, öz döredijilik ykbalyny Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatry bilen baglady. M.Çerkezow teatrda işe başlap, ilkinji döreden keşbi D.Furmanowyň «Pitne» atly spektaklynda Çewusow bolýar. 1933-1935-nji ýyllarda F.Şilleriň «Garakçylar» oýnunda Şwarsyň, A.Korneýçugyň «Eskadrilýanyň heläk bolmagy» oýnunda Polladanyň, Prutyň «Knýaz Mstislaw Udaloý» oýnunda Ždanowyň, J.Molýeriň «Skapeniň sapalagy» oýnunda Silwestriň, L.Weganyň «Laurensiýa» oýnunda Komandoryň, K.Goldoniniň «Iki hojaýynyň hyzmatkäri» oýnunda tansçy ýigidiň, J.Jafarliniň «1905-nji ýyl», «Ýalnyň gelinligi» oýunlarynda Wolodiniň hem-de Rewiniň, W.Gogolyň «Derňewçi» oýnunda Abdulliniň keşpleriniň ynanylmagy, hem-de olary ýaş artistiň ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi diňe bir onuň şahsy üstünligi bolman, tutuş teatryň abraýyna öwrülýär.
Muhammet Çerkezow 1940-njy ýyllaryň başlaryna çenli K.Trenowyň «Lýubow Ýarowaýa» oýnunda Malyniniň, G.Mdwiwanyň «Namys» oýnunda Nadyryň, Sokolowskiniň «Nasreddin» oýnunda Soltanyň, M.Gorkiniň «Duşmanlar» oýnunda rotmistr Boboýedowyň, Hamza Hekimzadanyň «Baý we batrak» oýnunda Gapuryň hem-de Salyh baýyň, A.S.Puşkiniň «Daş myhman» oýnunda Karlyň, «Bakjasaraý suw çüwdürimleri» oýnunda Nuralynyň keşplerini döredende kämilligiň ýokary derejelerine çykmagy başardy.
Türkmen teatr sungatyny ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary, ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin Muhammet Çerkezowa 1949-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti ady dakylýar. G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» spektaklynda Baýramyň keşbini ussatlyk bilen döredendigi üçin ol öňki SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp bolýar.
Teatryň artistleriniň arasynda ussatlyk derejesine ýeten M.Çerkezow meşhur iňlis dramaturgy W.Şekspiriň «Otello» oýnunda Brabansio, «Romeo we Julýetta» oýnunda Kapulletti, «Riçard III» oýnunda Lord Hestinges bolup teatr tomaşaçylarynyň çäksiz söýgüsini gazandy. Şeýle hem B.Amanowyň «Kemine» oýnunda Orazbaýyň, G.Muhtarowyň «Çopan ogly» oýnunda Ataýewiň, A.Ostrowsikiniň «Düşewüntli orun» oýnunda Wişnewskiniň, «Günäsiz günäkärler» oýnunda Dudkiniň, A.Çehowyň «Aýy» oýnunda Smirnowyň, A.Surikowyň «Ýürek bagyşlamaýar» oýnunda Ažinowyň, B.Annanurowyň «Synag» oýnunda Bakyýewiň, A.Garlyýewiň «Başlyk» oýnunda Berdiniň keşplerini ussatlyk bilen döredip, türkmen teatr sungatynyň ösmegine önjeýli goşant goşdy. M.Çerkezowyň bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 1955-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berilýär, 1970-nji ýylda bolsa Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi bolýar.
Baş drama teatrynda sahnalaşdyrylan B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» oýnunda Eziz hanyň keşbini döretmegi M.Çerkezowa aýratyn şöhrat getirdi. Soňra ol bu keşbi belli kinorežissýor A.Garlyýewiň adybir kinofilminde janlandyrdy.
M.Çerkezow ona golaý kinofilmde, iki ýüzden gowrak sahna oýunlarynda ýatda galyjy keşpleriň ençemesini döretdi.
1980-nji ýylda M.Çerkezowa SSSR-iň halk artisti diýen hormatly at dakylýar.