Mama Babaýewa


Mama Babaýewa
(1922-2005)



Mama Babaýewa 1922-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Ýüzbaşy» daýhan birleşiginde dünýä inýär. Ol 1939-njy ýylda Aşgabat şäherindäki mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini tamamlaýar we şol ýyl Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda here-ket edýän teatr studiýasyna kabul edilýär. Bu ýerde Mama Babaýewa aktýor-çylyk sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýär, hemem artist bolup zähmet çekýär. Şeýlelikde, Mama okuw bilen zähmeti bilelikde alyp gitmek bagty mi-ýesser edýär. Mama Babaýewa 1939-njy ýylda Sabyr Ataýewa, Täçbibi Ga-purowa, Fahriýa Alyýewa dagy bilen ilkinji gezek teatryň gapysyndan ätle-ýär. Olaryň ilkinji mugallymy meşhur režissýor Arkadiý Isaýewiç Abrusin bolýar. A.Abrusin türkmen teatrynyň sahnasynda ilkinji gezek «Zöhre we Tahyr» atly sahna eserini sahnalaşdyrýar we Gülzadanyň keşbini janlandyr-magy M.Babaýewa ynanýar. Bu keşp Mama Babaýewanyň teatryň sahna-synda döreden ilkinji keşbi bolýar. Bulardan başga-da, Mama Babaýewanyň teatryň sahnasynda janlandy-ran şowly çykan keşplerinden «Jumada» Güldesse, «Aýgytly ädimde» Aýna, «Ykbalda» Uzuk, «Wasýa Železnowada» Natalýa, «Iki hojaýynyň hyzmat-kärinde» Klariçe, «Taýfunda» Tsifin, «Mollanepesde» Läle, «Balsaýat we jadylanan Meleguşda» Nabat, «Daň atanynda» Bossany ýatlap geçmek bo-lar. Mama Babaýewany tomaşaçylar köpçüligi diňe bir teatryň sahnasynda janlandyran keşpleri arkaly däl, eýsem, kino sungatynyň üsti bilen hem tana-ýardylar. Muňa mysal edip «Derýanyň aňyrsy serhet» atly filmindäki Ata atly gahrymanyň ejesiniň keşbini, şonuň ýaly-da «Çopan ogly», «Aşyr aga-nyň hötjetligi» çeper filmlerindäki janlandyran keşpleri-de kino muşdakla-rymyz tarapyndan gyzgyn garşy alnan keşplerdir. Şonuň ýaly-da, Mama Ba-baýewa «Türkmenfilm» kinostudiýasynda «Dublýaž» terjime bölüminde hem ençeme ýyllaryň dowamynda filmlere ses berdi. Mama Babaýewa diňe bir teatr ýa-da kino sungaty bilen meşgullanman, eýsem, telespektakllarda we radiooýunlarda-da çykyş edip, özüniň tebigy zehini bilen halka medeni-ýetli hyzmat eden zenandyr. M.Babaýewanyň türkmen teatr we kino sungatynda irginsiz çeken dö-redijilikli zähmeti göz öňünde tutulyp, oňa 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylýar.