Welmyrat Amanow


Welmyrat Amanow



Welmyrat Amanow 1947-nji ýylyň 22-nji fewralynda Aşgabat şäherinde eneden doguldy. 1970-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutyny tamamlap, şol ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda zähmet ýoluna başlady. 1992-1999-njy ýyllary aralygynda bu teatryň direktory wezipesinde zähmet çekdi. Welmyrat Amanow diňe aktýorçylyk käri bilen çäklenmän, türkmen teatr sungatynyň belli-belli artistleriniň mugallymy hökmünde hem tanalýar. W.Amanow häzir hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady wezipesinde işleýär. E.Hemingueýiň «Ret bol, ýarag!» atly sahna oýnunda lukman Emrihiň, N.W.Gogolyň «Derňewçi» atly spektaklynda Dopçinskiniň, A.N.Ostrowskiniň «Tupanynda» Şapkiniň, Guseýin Muhtarowyň «General Kulyýew» diýen spektaklynda gorodowoýyň, I.Ýumagulowyň «Ar» diýen spektaklynda Aznaýyň, «30-njy ýyllar» sahna oýnunda Keltaniň, Ibragimowyň «Ýaşyl gapynyň aňyrsyndaky aýal» diýen spektaklynda Tewatrosyň, W.Şekspiriň «Riçard III» atly sahna oýnunda Lord Stenliniň, N.Pogodiniň «Üçünji patetiki» oýnunda Kumakiniň, «Ýaragly adam» atly spektaklynda Skeptigiň, A.Gurbannepesowyň «Bakja giren oklukirpi» atly komediýasynda Täşliniň, N.Gullaýewiň «Nesimi» atly sahna oýnunda Aş Şangaşynyň, «Bir görülen tanyş» atly sahna oýnunda Şerip Taganyň, K.Aşyrowyň «Akpamyk we döwler» atly spektaklda pişigiň, N.Tabarowyň «Çatrykda» diýen spektaklynda Kadyrowyň, A.Çhaidzanyň «Çynar manifesti» diýen spektaklynda Miriýaniň, B.Kerbabaýewiň «Hüýrlukga-Hemra» spektaklynda Kasym weziriň, «Oguz oýny» atly spektaklynda Büre bakanyň, Molýeriň «Mejbury tebip bolan» sahna oýnunda Žerontyň keşbini ýerine ýetirdi.
W.Amanow gülküli sahna görnüşlerini döretmegiň ussady hökmünde hem tanalýar. Ol A.Agabaýewiň «Minaly meýdan», A.Berdiýewiň «Söýgi duralgasy» atly sahna oýunlarynda gülküli keşpleri döredip, tomaşaçylaryň söýgüli artisti boldy.
Köp¬le¬riň ha¬ly¬pa¬sy W.Amanow uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň teatr sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent atlar, 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin medaly», 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanyldy.