Muhammet Bekiýew


Muhammet Bekiýew



Muhammet Bekiýew 1951-nji ýylyň 10-njy martynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde eneden doguldy. Heniz mekdepde okaýarka, M.Bekiýew belli türkmen ýazyjysy A.Gowşudowyň «Juma» atly sahna eserinde bir keşbi örän täsirli döredýär. Şol döwürde bu oýun festiwalda baýrakly orna mynasyp bolýar. Soňra O.Akmämmedowyň «Ýeke gulakly hossar», «Sekizinji hazyna» atly gülküli oýunlarynda keşp döredýär. Ol 1968-nji ýylda Moskwanyň Şepkin adyndaky ýokary teatr institutyn okuwa girýär. Ol talyp ýyllary döwründe W.Şekspiriň «Otello» oýnunda Otellonyň keşbini döredýär. 1973-nji ýylda Moskwanyň Şepkin adyndaky ýokary teatr institutyny drama we kino aktýory hünäri boýunça tamamlap, ozalky A.Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynda (häzirki Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry) zähmet we döredijilik ýoluna başlady. Onuň ilkinji döreden keşpleriniň biri bu teatryň sahnasynda goýlup, ulular-kiçiler tarapyndan söýlüp, tomaşa edilen «Lukman Aýbolit» oýnundaky Aýbolidiň keşbidir.

Muhammet Bekiýew A.Wolodiniň «Suwulgan» oýnunda baş keşpleriň biri- taýpa baştutanynyň keşbini döretdi. Ol bu keşbi döretmek bilen köptaraply, zehinli artistdigini görkezdi. Muhammet Bekiýew teatrda dürli ýyllarda «Oguz han» sahna oýnunda Oguz hanyň, «Däli Domrulda» Ezraýylyň hem eşekli adamyň, «Sen söýseň menide» Anna tartaryň, «Seljuk söýgüsinde» Soltan Sanjaryň, «Nusaý söýgüsinde» Sena Türk Ärsagyň, «Aman daýy» sahna oýnunda Möjegiň, «Dogtor Aýbolitde» Aýbolidiň, «Gedaý bagşyda» bagşynyň, «Täze maşgalada» Ojaryň kakasynyň, «Aýal arwahda» Hajy Nagmanyň keşplerini hem-de başga-da ululy-kiçili keşpleri janlandyrdy.

Muhammet Bekiýew häzirki wagtda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda zähmet çekmek bilen, ol bu teatrda sahnalaşdyrylan sahna oýunlarynyň hem birnäçesinde baş keşpleri ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Olardan «Romeo we Julettada» Lorensionyň, «Ýusup-Züleýhada» patyşanyň, «Sahawat derýasynda» Atdan aganyň, «Däli Domrulda» Domrulyň kakasynyň, «Täsin söýgide» geňeşçiniň, «Seniň wepaň üçinde» Muhammetdurdy aganyň keşplerini görkezmek bolar.