Didarberdi Allaberdiýew


Didarberdi Allaberdiýew



Şahyr Didarberdi Allaberdiýew 1957-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Isgender obasynda doguldy.
D.Allaberdiýew oba mekdebini tamamlap, 1980-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mehanizasiýa bölümini inžener-mehanik hünäri boýunça, 1994-nji ýylda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk-öwreniş bölümini ýurist-hukukçy hünärleri boýunça tapawutlanan diplomlar bilen tamamlady. Ol çeper döredijilik bilen talyplyk ýyllaryndan bäri yzygiderli meşgullanyp gelýär. Onuň ilkinji goşgulary geçen asyryň 70-nji ýyllarynda «Zähmet baýdagy», «Zähmetkeşler sesi», gazak dilinde çap edilen «Jumusçy» ýaly şol döwrüň welaýat hem etrap gazetlerinde çap edildi. Ol «Sözlär senaly dilim», «Arkadaga alkyşnama» atly goşgular kitaplarynyň awtorydyr. Şeýle hem şahyryň goşgulary we rubagylary «Aşgabat-aşyklaryň şäheri», «Sözüm saňa, Pyragy!», «Dillere sena mertebe» atly goşgular ýygyndylaryna girizildi.
Şahyryň «Sözlär senaly dilim» atly kitaby 2015-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip, okyjylara ýetirildi. Jemi 11 bölümden ybarat bu kitaba onuň 150-ä golaý goşgusy, 800-e golaý rubagysy girizildi. Mähriban Watanymyz, Gahryman Arkadagymyz, ata sarpasy, ene mukaddesligi, zenan dünýäsi, söýgi älemi, milli gymmatlyklar, durmuş öwrümleri, ylahy yşkyň gudraty, ussatlyk mekdebi, Pyragy paýhasy hakyndaky goşgularynda we rubagylarynda şahyr türkmen diliniň many goýazylygyndan, şirinliginden ýerlikli peýdalanypdyr, öňe sürýän pikirlerini çeperçilik serişdeleri bilen baýlaşdyrypdyr. Şygyr düzüliş formasynyň nusgawy we häzirki zaman görnüşlerini ezberlik bilen ulanyp, adamkärçiligi, hoşniýetli gatnaşyklary, ýagşylyklary ündeýän şygyrlarynda şahyryň şahyrana kalbyna mahsus duýgurlyk, rehimdarlyk, ynsanperwerlik bar.
Didarberdi Allaberdiýewiň «Arkadaga alkyşnama» atly kitaby bolsa 2017-nji ýylda neşir edilip, halka ýetirildi. Adyndan mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli işlerini, Watan mukaddesligini çeper wasp edýän onlarça goşgyny özünde jemleýän «Arkadaga alkyşnama» atly kitap hem okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Şahyr Didarberdi Allaberdiýew akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň paýhas-pähime ýugrulan dürdäne goşgularynyň many-mazmunyny, syrly setirlerini çeper açyp görkezýän makalalaryň birnäçesini ýazdy. «Garagum» žurnalynda, «Balkan» gazetinde hem-de beýleki gazet-žurnallarda çap edilen şol makalalar okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, medeniýetiň we sungatyň ösmegine, türkmen edebiýatynyň döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemäge goşan mynasyp goşantlary nazara alnyp, Didarberdi Allaberdiýew 2017-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. 2011, 2015-nji ýyllarda bolsa, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.