Medeniýet Şahberdiýewa
(1930-2018)
Medeniýet Şahberdiýewa 1930-njy ýylda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlap, Aşgabat şäherindäki sazçylyk mekdebinde okaýar. Bu ýerde ol skripkada saz çalmagy öwrenýär. Ol Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň wokal bölümine kabul edilýär. Şu ýerde hem onuň opera sungatyndaky ýoly başlanýar. Soňra ol Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girýär. Ol bu ýerde dünýä belli aýdymçylardan tälim alýar, aýdym aýtmagyň, sungatyň inçe syrlaryny öwrenýär. Halypa aýdymçylar onuň sesiniň liriki koloraturaly soprano degişlidigini aýdýarlar. Bu dünýäniň aýdym-saz sungatynda seýrek duş gelýän sesleriň biridir.
Aýdym-saz sungatyndan tälim berýän dünýä belli konserwatoriýany tamamlamagynyň öň ýanynda, Medeniýet Şahberdiýewa J.Rossininiň «Sewil dellegi» atly operasynda Rozinanyň keşbini döredýär. Bu opera oňa üstünlik getirip, täze opera ýyldyzlaryň peýda bolandygyny dünýäniň aýdym-saz muşdaklaryna buşlaýar.
Medeniýet Şahberdiýewa dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra, Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde öz saýlap alan käri boýunça kämilleşdiriş okuwyny geçýär. Soňra Hytaý Halk Respublikasynda sungatyň inçe syrlaryny öwrenýän ýaşlara tälim berýär. Türkmen saz sungatynyň halypasy, ajaýyp wokalçy Medeniýet Şahberdiýewa özüniň zehini bilen türkmen halkynyň buýsanjyna we milli gazananlaryna öwrüldi. Tebigat oňa saza bolan seýrek owazly sesi eçildi. Onuň irginsiz çeken zähmeti we kämilleşmäge ýadawsyz ymtylmagy onuň meşhur kamera we opera aýdymçysy, zehinli mugallym bolup ýetişmegine getirdi.
Milli saz sungatyny Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem mynasyp görkezmek bilen, aýdymçy bütin ömrüni öz mukaddes işine bagyşlady. Tomaşaçylary öz sesi bilen haýran galdyrmak bilen, ol dünýä we milli klassikanyň eserlerini, meşhur opera partiýalaryny, romanslary, dünýä halklarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Onuň ajaýyp zehininiň, köp ugurly baý zehininiň köp sanly muşdaklaryny köp sanly çeper filmlerde we konsert programmalaryndaky ýazgylarda ýaňlanýan jadylaýjy owazy bu günki gün hem özüne maýyl edýär.
Uzak ýyllaryň dowamynda dünýäniň aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenen M.Şahberdiýewa ozalky Magtymguly adyndaky opera we balet teatryna işe gelýär. Ol belli türkmen opera aýdymçylary Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa dagy bilen milli we dünýäniň nusgawy operalarynda özboluşly keşpleri döredip başlaýar. Medeniýet Şahberdiýewa teatrda sahnalaşdyrylan milli we dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mežnun», «Saýathan», «Kemine we kazy», «Aýna», «Gowgaly gije», «Sewil dellegi», «Rogoletto», «Lakme», «Trawiata» ýaly operalarynda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň ruhy dünýäsini öz kalbynyň töründen gaýdýan ajaýyp owazy bilen tomaşaçylara ýetirdi.
D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp», A.Agajykowyň «Gowgaly gije» operalarynda aýdym aýtdy. «Leýli-Mežnun» operasynda Leýliniň partiýasyny, «Aýna» operasynda Bibiniň partiýasyny ýerine ýetirdi. Rimskiniň-Korsakowyň «Patyşa gelni», J.Werdiniň «Trawiata» operalarynda we beýlekilerde ilkinji partiýalary ýerine ýetirdi. Onuň owazy dürli ýyllarda döredilen «Aşyr aganyň hötjetligi», «Meniň dostum Meleguş», «Japbaklar» filmlerinde ýaňlanýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol halkara saz toparlarynda hem ykrar edildi. Ol wokalçylaryň Glinika adyndaky Halkara bäsleşiginiň emin agzalygyna saýlanýar.
Medeniýet Şahberdiýewa sungat äleminde öz ýoluny - Şahberdiýewanyň özboluşly ajaýyp ýoluny döretdi. M.Şahberdiýewanyň owazy diňe bir türkmen topragynda däl, eýsem dürli yklymlaryň dürli döwletlerinde şirin owazly türkmen bilbili hökmünde belentden-belent, buýsançly ýaňlandy.
Ol sesiň içinde täze ses döredip bilýän, owazyň içinden owaz alyp bilýän örän seýrek duş gelýän koloratur soprano sesi bilen Ýer ýüzüniň millionlarça tomaşaçylarynyň kalbyny bendi etmegi başardy. M.Şahberdiýewa ýaşan ömrüniň soňky ýyllarynda Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekdi.
Garaşsyz ýurdumyzda aýdym aýtmak sungatyny ösdürmekde, ony kämil derejä ýetirmekde, bu ugurdan ençeme şägirtleri ýetişdirmekde, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelemekde, olara bilim bermekde we hünär öwretmekde gazanan üstünlikleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti nazara alnyp, Medeniýet Şahberdiýewa 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1975-nji ýylda bolsa «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy.