Baýram GURBANOW (1935-1986 ýý.)




Baýram Gurbanow 1935-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mollanepes obasynda dünýä inýär. B.Gurbanow 1956-1960-njy ýyllar aralygynda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral-çeperçilik institutynda okaýar. Ol institutda okap ýörkä “Hoja Nasreddin” atly komediýasynda kiçiräk keşbi döredýär. Popowyň “Maşgala” dramasyndan alynan bölekde bolsa patyşa garawulynyň keşbini ussatlyk bilen döretmegiň hötdesinden gelýär. Şeýle hem ol diplom işi hökmünde G.Muhtarowyň “30-njy ýyllar” spektaklynda Kör bagşynyň keşbini döretdi. Okuwyny tamamlandan soň, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda 1962-nji ýylda zähmet ýoluny dowam edýär.
B.Gurbanow bu teatrda işlän ýyllarynda tomaşaçylaryň ýadynda galjak keşpleriň ýüzlerçesini döretdi. Ol dramaturg T.Taganowyň “Yşk mülküniň şasy” spektaklynda Gullak aganyň keşbini döretdi. Bu keşp okuwyny tamamlap gelen ýaş artistiň ilkinji döreden keşbidir. Soň ol teatryň sahnasynda D.Hajymyradowyň “Ganly guşak” dramasynda Rahmanguly hanyň, G.Hugaýewiň “Şatdy we Patdy” komediýasynda Şatdynyň, B.Suhanowyň “Bagt guşy” dramasynda Gylyçlynyň, “Gadyrly myhman” spektaklynda Arslanyň keşbini döretdi. 1977-nji ýylda N.Geldiýewiň ýazan “Seýdi” sahna eserinde watançy şahyr Seýdiniň keşbini örboýuna galdyrýar. Bu keşp B.Gurbanowa ýene-de bir üstünlik getirýär. B.Gurbanowyň ýene-de şowly çykan keşpleriniň biri B.Abdyllaýewiň “Sallahlar” oýnunda janlandyran daýhan birleşiginiň başlygynyň keşbidir. Ol K.Gurbannepesowyň “Taýmaz baba” eseri esasynda sahnalaşdyrylan adybir sahna oýnunda ýaş Taýmazyň ýatdan çykmajak keşbini janlandyrýar. Eseriň awtory K.Gurbannepesow bu keşbi ussatlyk bilen döredendigi üçin artiste minnetdarlygyny bildirýär. Bu spektakl bilen teatryň döredijilik topary Daşkentde, Duşenbede geçirilen teatr festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýär.
B.Gurbanow diňe bir teatrda artist bolmak bilen çäklenmän, eýsem drama eserlerini hem ýazýar. Onuň birnäçe sahna eserleri ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasynda goýulýar. Onuň türkmen halk ertekisi esasynda çagalara niýetläp ýazan “Tilki dostlugy”, “Başagaýlyk eden şaýlyk”, “Syrly sowgat”, “Berekella, Gülle gyz” ýaly drama eserleri Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda goýuldy. Onuň gurluşykçylaryň durmuşyndan ýazan “Ahmyr” atly sahna oýny Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda uly üstünlik bilen görkezildi. K.Gurbannepesowyň “Ata we ogul” eseri esasynda ýazan telespektakly köp gezek telewideniýäniň ekranynda görkezildi. Ol Türkmenistanyň halk bagşysy Han Akyýew bilen “Babagammar” atly taryhy dramasyny hem ýazýar.
Türkmen teatr sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutup, ussat artist B.Gurbanowa 1968-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakylýar.