Ata Ablyýew
(1925-2002)
Ata Ablyýew 1925-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda dünýä inýär. Ýaş döwründe ol «damana» ýolunyň ussady Durdy bagşynyň ogly Halmyrat bagşydan dutar çalmagyň ilkinji tilsimlerini, aýdym aýtmagy öwrenýär. Şol döwürde Aşgabatda okap, beýik halypalardan tälim alan Amangeldi Hydyr ogly saglyk ýagdaýy bolmany üçin Aşgabatdan öz obasy Änewe göçüpdir. Ýaş, zehinli Ata şol halypadan gyjagyň başlangyç göçümlerini, hasaplaryny öwrenýär. Ýaş sazanda Ata çeperçilik mekdebinde bilim alýar. Ol ýerde Atanyň ilkinji dutar mugallymy Mylly Täçmyradow, gyjak klasyndan bolsa Pürli Saryýew bolýar. Atanyň saz çalşy, şol wagtky ýolbaşçysy Pürli Saryýewiň göwnünden turýar we onuň ýolbaşçylygynda Ata professional sazanda bolup ýetişýär.
Atany 1939-njy ýylda Türkmen radiosynyň halk saz gurallary ansamblyna işe çagyrýarlar. Ol işlän döwründe Türkmen döwlet filarmoniýasynyň bagşysy Sahy Jepbarowyň ýanynda, 1947-nji ýyldan başlap tä ömrüniň ahyryna çenli oňa sazandalyk edýär.
Ata ýygy-ýygydan radioda, telewideniýede, konsertlerde ýekelikde hem çykyş edýär. Ata Ablyýew gyjakçylygyndan başga kompozitor-melodist hökmünde hem özüni tanatdy. Ol 24 töweregi eser döretdi. Şolardan «Kyrk ýyl içinde», «Altaýly dost», «Gelin», «Bagbanyň gyzy», «Zähmet hakynda aýdym», «Käkilik», «Kanaldan suw akyp gelýär» ýaly ençeme eserler Ata Ablyýewiň döreden eserleridir. Aýdymdan başga ol halk saz gurallary üçin birnäçe pýesalary hem ýazdy. Olardan «Ynamly», «Ýaryşdaş dostlar», «Änew mukamy», «Ussada», «Dostum sen», «Joşýar göwün» ýaly sazlaryny mysal getirmek bolýar.
Ata Ablyýew işlän döwürlerinde birnäçe daşary ýurtlarda, ýagny, Wengriýada, Türkiýede, Eýranda, Fransiýada, Owganystanda, Saud Arabystanynda türkmen saz sungatyny wagyz etmekde uly işler bitirýär.
Ajaýyp zehini, ukyby bilen deň-duş kärdeşlerinden tapawutlanan Ata Ablyýew uly halypaçylyk we döredijilik ýoluny geçdi. Nurýagdy Baýramow, Akmyrat Çaryýew, Saparguly Işangulyýew, Çary Alladurdyýew, Oraznepes Döwletnazarow, Bibi Welmyradowa ýaly atly bagşy-sazandalar ony özleriniň esasy halypasy saýýarlar.
T.Suhangulyýew, A.Gönübekow, M.Täçmyradow, P.Saryýew, G.Ugurlyýew ýaly mukamçylarymyzyň döredijilik däplerine turuwbaşdan belet bolan Ata Ablynyň zehininden dürli many-mazmunly aýdym-sazlaryň birgideni dünýä indi. Muny Sahy bagşa bagyşlap ýazan «Ussadym» atly sazynyň, «Seretmez», «Sarygyz, saklan bir az», «Uz eýlär», «Garrylar gerek», «Dostum sen», «Halyçy gelin», «Gyzlaryň», «Ýaryşdaş dostlar» atly ençeme eserleriniň mysalynda görýäris. Şol aýdym-sazlaryň haýsy birini ünsli diňläp, ýekän-ýekän seljerseň, milli sazymyzyň iň inçe, iň näzik we çylşyrymly öwrümlerini, bezeglerini, äheňlerini ýokary ussatlykda peýdalanandygyny duýmak bolýar. Bu bolsa ussat gyjakçynyň, meşhur halypanyň halk aýdym-sazymyzyň dürli ugurlaryna, usullaryna juda belet bolandygyndan habar berýär.
Milli saz medeniýetimiziň iň gowy nusgalarynyň giňden ýaýramagyna, ýaş bagşy-sazandalaryň ösüp ýetişmegine, täze saz eserleriniň döremegine uly goşant goşany üçin
Ata Ablyýew 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy», 1979-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen atlara mynasyp boldy. Şeýle-de 1994-nji ýylda «Gaýrat» medaly bilen sylaglanyldy.