GURBANSOLTAN NURÝAGDYÝEWA
18.02.1947 – 28.04.1992
Türkmenistanyň at gazanan artisti, halypa aýdymçy Gurbansoltan Nurýagdyýewa 1947-nji ýylyň 18-nji fewralynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mehinli obasynda doguldy. G.Nurýagdyýewa 1970-nji ýylda P.Çaýkowskiý adyndaky Moskwanyň konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk uçilişesini tamamlap, aýdymçy, solist hünärine eýe boldy. Eýýäm okap ýören wagtlary özüniň mahmal sesi bilen halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. G.Nurýagdyýewa Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň horunyň artisti, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň solisti, M.Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň aýdymçy-artisti ýaly birnäçe wezipelerde zähmet çekip, ýaş zehinleriň ýetişmeginde zähmetini gaýgyrmady. Geljekde ýaşlaryň gaýybana halypasy hökmünde medeniýeti, sungaty, türkmeniň milli sungatyny söýýän ýaşlaryň ýüze çykmagynda mynasyp zähmet çekdi.
G.Nurýagdyýewa döwlet derejesinde ýurdumyzyň çäklerinde geçirilýän ähli medeni çärelere, festiwallara işeňňir gatnaşdy hem-de döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanyp, medeniýetiň we sungatyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlara ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge öňjeýli goşant goşdy. Her bir medeni çäreleriniň guramaçylykly ýokary derejede geçirilmegi üçin özüniň ýiti zehinli ukyby bilen ýakyndan ýardamyny berdi. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen birnäçe medeni çärelerine özüniň sungaty bilen, täze aýdym-saz eserleri bilen gatnaşyp, halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Türkmen gazma dutarynyň ýanynda ilkinjileriň hatarynda ýanama aýdymyny özüniň mahmal sesi bilen ussatlarça ýerine ýetirdi. G.Nurýagdyýewanyň täsin owazy aýdym-saz söýüjileriň aňynda mäkäm ornaşdy. Onuň ussatlygy, özboluşly dünýägaraýşy, adamkärçiligi, mylaýymlylygy, güler ýüzliligi ýaly birnäçe gowy häsiýetleri bilen özüni söýdürdi. Halypa aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti we joşgunly zehini nazara alnyp, 2019-njy ýylda Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Gurbansoltan Nurýagdyýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy.