Abdylla Ýakubow


Abdylla Ýakubow
(1935-2003)



Abdylla Ýakubow 1935-nji ýylyň 11-nji iýunynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda eneden bolýar.
1964-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutyny teatr režissýory hünäri boýunça tamamlaýar. Ýaş zehin talyplyk ýyllary institutda sahnalaşdyrylan sahna oýunlarynda dürli keşpleri döredýär. Ol Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda özüniň ilkinji döredijilik işi hökmünde A.Garlyýewiň «Agalar we çagalar» atly oýnuny sahnalaşdyrýar. Bu sahna oýny teatr muşdaklarynyň arasynda uly söýgä mynasyp bolýar. Ilkinji sahnalaşdyran spektaklyndan ruhlanan režissýor soňra türkmen dramaturglary B.Suhanowyň «Çatrykda», A.Täjowyň «Temen haltada ýatmaz», G.Gurbansähedowyň «Jennet», B.Amanowyň «Kemine», A.Myradowyň «Muňa durmuş diýerler», Ý.Mämmediýewiň «Ene toprak» atly sahna eserlerini sahnalaşdyrýar. Bu sahna oýunlary teatryň režissýoryna uly üstünlik getirýär. Şunlukda ol döredijilik älemini has-da baýlaşdyrýar we belli rus dramaturglary A.N.Ostrowskiniň «Haram pul», I.Sobolewiň «Geçilmez günä», W.Şekspiriň «Söýgi we gazap», B.Zakyýewiň «Yza», «Ertir täze ýyl», E.Pilippanyň «Täze ýyl gijesi» atly dürli many-mazmunly sahna eserlerini sahnalaşdyrýar. Abdylla Ýakubow teatryň sahnasynda 70-den gowrak spektakllary sahnalaşdyrdy.

Belli teatr artisti, režissýory bolup adygan Abdylla Ýakubow kino artisti hökmünde hem giňden tanalýar. Belli artist, kinorežissýor A.Garlyýew «Aýgytly ädim» atly çeper filmi surata düşürende oňa baş gahrymanlaryň biriniň keşbini – Halnazar baýyň ogly Ballynyň keşbini döretmegi ynanýar. Bu filmden başga-da, ol «Tüssesiz ot bolmaz», «Gara kerwen» ýaly çeper filmlerde-de dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşbini döretdi. Bu keşpleriň ählisi-de onuň zehinli artistdigini ýüze çykaryp tomaşaçylaryň ýadynda galdy, milli teatr we kino sungatymyzda zehinli ýaşlaryň ýetişmegine-de öz täsirini ýetirdi.
Režissýorlyk babatdaky döredijilik dünýäsi köptaraply we öwüşgünlere baý A.Ýakubow öz sahnalaşdyran N.Geldiýewiň «Seýdi», W.Wişnewskiniň «Röwşen nala», E. Filippanyň «Täze ýyl gijesi» ýaly teleoýunlarynda hem dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini döredýär. Ol telespektakllaryň birnäçesini taýýarlap, tomaşaçylara hödürledi. «Gülle deşen telpekde» Guwanç baýyň, «Hasratly söýginiň kyssadynda» Jumaguly baýyň, «Gara bägüllerde» Beşer mollanyň keşbinde oýnap, ýatda galyjy täsin keşpleri döretdi.
Türkmen teatr we kino sungatynda bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, oňa 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar.