Şamyrat Taganow


Şamyrat Taganow
(1922 – 1999)



Şamyrat Taganow 1922-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Öküzýap obasynda dogulýar. Maşgalada 5 çaganyň iň ulusy bolan Şamyrat heniz orta mekdepde okap ýören döwründe döredijilik bilen gyzyklanyp ugrapdyr. Ol 1959-njy ýylda Daşoguz şäherinde ýerleşýän oba hojalyk tehnikumyny tamamlanyndan soňra, ýörite orta bilimli hünärmen hökmünde Akdepe etrabynda tokaý hojalygynyň direktory, daýhan birleşiginiň ýolbaşçysy we şol etrabyň ilata durmuş taýdan hyzmat ediş kombinatynyň hünärmeni wezipelerinde işleýär.
Onuň ilkinji synanyşyklary bolan «Bolmady» we «Belli» ýaly goşgulary 1930-njy ýyllarynyň ahyrynda şol döwrüň metbugat sahypalarynda çap edilipdir. Onuň döredijilik älemine ymykly aralaşan döwri 1940-njy ýyllaryň başlarydyr. Ol nirede işlese-de, döredijilik ýoluna ymykly düşmek höwesi ony öz erkine goýmaýar. Şonuň üçin hem bu babatdaky uzak ýyllaryň dowamynda eden arzuw-umytlary ony 1965-nji ýylda Akdepe etrabynda çap edilýän «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň gapysyny kakmaga mejbur edýär. Ol bu ýerde ilkibaşda ýönekeý edebi işgär bolup işe başlanam bolsa, ýiti zehini we ukyp-başarnygy göz öňünde tutulyp, sähelçe wagt geçip-geçmänkä ony gazetiň bölüm müdirligine belleýärler. Etrap gazetinde işlän döwründe onuň ýazýan degişme goşgulary, satiriki hekaýalarydyr felýetonlary halk arasynda oňa uly meşhurlyk getirýär.
Şol döwürlerde täsirli hekaýalardyr powestleri ýazmaga synanyşýan ýazyjynyň 1970-nji ýylda çap edilen «Ykbal işi» atly powesti onuň okyjylaryň söýgüsini gazanan iri göwrümli ilkinji eserleriniň biridir. Bu powestde welaýatyň çetki obalarynyň birinde möwç urýan oba durmuşy, kolhoz gurluşygy hem-de oba adamlarynyň durmuşa garaýyşlarynyň özgermegi çeper beýan edilýär. Şeýlelikde öz ululy-kiçili eserleri bilen il içinde adygyp ugran Şamyrat Taganowyň döredijiliginde geçen asyryň 70-nji ýyllary aýratyn orun eýeleýär. Şamyrat Taganowyň ýazyjy hökmünde il içinde ykrar bolmagy soňlugy bilen onuň ýiti galamyndan «Howandar», «Goşa çynar», «Gündogdy», «Kysmat» ýaly powestleriniň hem-de «Murtlak işan» we «Uýat boldy» atly gülküli hekaýalarynyň, «Was nagmalary» goşgular ýygyndysynyň hemem «Gara Ýylgyn» romanynyň döremegine sebäp bolýar. Bu kitaplaryň ählisem «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan dürli döwürlerde çap edilýär. Şamyrat Taganow öz ömrüniň soňky ýyllarynda has-da önjeýli işlän ýazyjy-şahyrlarymyzyň biridir. «Gara Ýylgyn» romany onuň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran gözlegli işleriniň miwesidir. Türkmen edebiýatynda yz goýan Şamyrat Taganow öz döwründe ençeme täsirli drama eserlerini hem döretdi. Öz köp öwüşginli döredijiligi bilen halkymyzyň egsilmez sylag-sarpasyna mynasyp bolan halypa ýazyjy Şamyrat Taganowyň uzak ýyllaryň dowamynda ata Watanymyzyň ösüşleriniň hatyrasyna çeken döredijilikli zähmeti göz öňünde tutulyp, oňa 1993-nji ýylyň oktýabr aýynda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at berilýär.
Onuň dürli döwürlerde döreden millilige ýugrulan eserleri häzirki günlerde hem okyjylar tarapyndan söýlüp okalýar.